-
Eýranda korona iň soňky ýagdaýy
Feb 28, 2021 13:03Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary soňky 24 sagatda korona keseli bilen kesellän 93 näsagyň ölmegi bilen ýurtda bu wirus arkaly ölenleriniň sany 60,073 adama ýetdi diýdi.
-
Türkmenistan bilen Belarusyň ykdysady hyzmatdaşlyk sammiti
Feb 28, 2021 12:44Türkmenistan bilen Belarusyň döwlet komissiýasynyň başlyklary iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň 10-njy ýygnagyny onlaýn ýagdaýda geçirdiler.
-
Salehi: Geljek 3 aýyň içinde sanksiýalar ýatyrylmasa, agentligiň kameralary ýapylar
Feb 27, 2021 07:57Eýran Yslam Respublikasynyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy, Eýran bilen Halkara Atom Energiýasy Agentligiň arasynda ýakynda baglaşylan şertnama salgylanyp Agentlige üç aýa çenli ýazgy ulgamlaryna we kameralaryna girmäge rugsat berilmeýär we ýakyn üç aýyň içinde sanksiýalar ýatyrylmasa, bu maglumatlar öçüriler we Agentligiň kameralary ýygnalar diýip yglan etdi.
-
Eýran ABŞ-nyň Siriýa edýän hüjümlerini berk ýazgardy
Feb 27, 2021 07:50Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ABŞ güýçleriniň Siriýanyň gündogaryndaky sebitlere eden bikanun we agressiw hüjümlerini adam hukuklarynyň we halkara hukugynyň aç-açan bozulmagy hökmünde hasaplap berk ýazgardy.
-
Eýran sanjym öndürmek we eksport etmek merkezine öwrülmegiň bosagasynda
Feb 26, 2021 15:33Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri ýurdumyz geljek ýylyň ýazyna çenli sanjym öndürmek we eksport etmek boýunça esasy merkezleriň birine öwrüler diýip yglan etdi.
-
Eýranda iň soňky korona statistikasy
Feb 26, 2021 13:01Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary Şu wagta çenli ýurtda 1,615.184 adama korona wirusynyň ýokaşandygyny aýtmak bilen soňky 24 sagadyň dowamynda 69 ýokaşan hassanyň ölmegi bilen Eýranda korona ölüminiň sany 59,899-a ýetdi diýip yglan etdi.
-
Amir Abdollahian: Amerika Owganystan üçin howpsuzlygy we parahatçylygy islemeýär
Feb 26, 2021 12:24Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygynyň Halkara gatnaşyklary boýunça ýörite kömekçisi Amerikanyň Birleşen Ştatlary owgan halky we hökümeti üçin howpsuzlygy we parahatçylygy islemeýär diýdi.
-
Zarif bilen Al-Makdad ikitaraplaýyn gatnaşyklary we sebitdäki özgerişleri gözden geçirdiler
Feb 26, 2021 12:02Eýranyň we Siriýanyň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gatnaşyklary we sebitleýin we halkara özgerişleri ara alyp maslahatlaşdylar.
-
Taht-e Rawançi: Eýrana garşy sanksiýalar ýakyn üç aýyň içinde ýatyrylmaly
Feb 25, 2021 08:24Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili çarşenbe güni agşam Waşingtonyň ýadro ylalaşygyň öňündäki borçlaryny ýerine ýetirmek üçin gaýdyp gelmegi üçin gepleşikleriň zerurlygynyň ýokdugyny aýdyp Eýrana garşy sanksiýalar ýakyn üç aýyň içinde ýatyrylmalydyr diýip nygtady. Majid Taht-e Rawançi "Al Jazeera" habar gullugyna "Eýrana garşy sanksiýalar öňümizdäki üç aýyň dowamynda ýatyrylmasa, Tehran öz ygrary esasynda amal eder diýdi.
-
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Damaskdaky Siriýanyň resmileri bilen pikir alyşdy
Feb 25, 2021 08:18Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary çarşenbe güni Damaskda Siriýanyň Daşary işler we maglumat ministrleri bilen duşuşdy.