Mar 21, 2023 21:01 Asia/Ashgabat

Palestinanyň Yslam Jihad hereketi, Şaram Al-Şeýhiň Müsürdäki duşuşygyny, dönüklik hereket we Palestina halkynyň pidakärçilikleriniň peýkerine hanjar urmak we Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky ýere dökülen gana dönüklik hökmünde häsiýetlendirdi.

Şarm Al-Şeýhiň duşuşygy 19-njy martda (28-nji Esfand ýekşenbe) ABŞ, Müsür, Iordaniýa, Palestina hökümeti we sionist režimiň gatnaşmagynda geçirildi.

Bu samit bir ýagdaýda geçirilendir welin Palestina partiýalarynyň köpüsi, "Al-Aqaba" ýygnagy ýaly bu duşuşygyň netijesine şübhelenip, tankytladylar we Sionist režimi izolýasiýadan çykarmak üçin Ak tamyň taktikasy hökmünde baha berdiler.

EýranPress-iň sişenbe güni beren habaryna görä, Palestinanyň Yslam Jihad hereketiniň syýasy býurosynyň agzasy "Ahmed al-Mdalal" Müsüriň paýtagty Kairde palestinalylaryň milli çäklerinden daşarda başlanan Şarm Al-Şeýhiň duşuşygy, basyp alyjy sionist režimine Palestina milletine garşy jenaýatlaryny dowam etdirmek üçin ýaşyl yşyk görkezmegi aňladýar diýdi.

Al-Mdalal bu duşuşygy geçirmegiň maksadynyň palestinaly toparlaryň arasynda tapawut döretmekdigini we sionist režimini goldamak ugurda Palestina hökümetiniň howpsuzlyk güýçlerinden peýdalanmakdygyny aýtdy.