Mar 22, 2023 13:44 Asia/Ashgabat
  • Terrorçylyga garşy göreşde we ýer titremesinde ejir çekenlere kömek etmekde Eýranyň goldawyna Asadyň minnetdarlygy

Siriýanyň prezidenti, Eýranyň Daşary gatnaşyklar boýunça strategiki geňeşiniň başlygy bilen bolan duşuşygynda, Tähranyň terrorçylyga garşy göreşde we daşary ýurt howplaryna garşy durmakda, şeýle hem soňky ýer titremesinde ejir çekenlere kömek bermekde Tähranyň berýän goldawyna ýokary baha berdi.

Eýran Yslam Respublikasy Siriýa bilen strategiki hyzmatdaşlyga eýedir we Siriýa krizisinde Tähranyň bu ýurduň kanuny hökümetini goldamagy we dürli terrorçy toparlara garşy söweşde Assadyň hökümetine kömek etmegi munuň subutnamasydyr.

DAEŞ ýeňilenden soň Siriýa bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklar giňeldi we düregeýleşdi we gatnaşyklaryň ähli ugurlarda ösmegi üçin aýdyň perspektiwalar bar.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä Siriýanyň prezidenti Başar Assad, Eýranyň Daşary gatnaşyklar boýunça strategiki geňeşiniň başlygy Seýid Kamal Harazi bilen bolan duşuşygynda häzirki ýagdaýda sebit ýurtlaryna intensiw gepleşikler we strategiki çäreler zerurdyr sebäbi Günbataryň bu sebitdäki özüni alyp barşy has duşmançylykly bolup biler we Günbatar Aziýa jemgyýetlerinde bar bolan gurallary ulanyp biler diýip aýtdy.

Assad sözüniň dowamynda, Günbatar Aziýa sebitiniň ýurtlaryň duşmançylykly syýasatlaryň garşysynda goranyş ulgamyny döredip biler ýaly gatnaşyklaryny berkitmäge tarap hereket etmelidigini aýtdy.

Eýranyň Strategiki daşary gatnaşyklar geňeşiniň başlygy Kamal Harazi hem bu duşuşykda dünýädäki çalt we uly özgerişleriň kölegesinde sebitiň ýurtlary öz bähbitlerini üpjün etmek üçin geljege aýdyň göz ýetirmelidirler diýdi.