Mar 26, 2023 15:08 Asia/Ashgabat

Palestinanyň Yslam çydam Hereketiniň (Hamas) metbugat sekretary, Iňlisiň Sionist režimini we Palestina halkyna garşy eden jenaýatlaryny goldaýandygyny aýtdy.

"Hazem Gasem", Sionist režimiň premýer-ministriniň Londona eden sapary barada Gazada EýranPressiň habarçysy bilen geçirilen ýörite söhbetdeşlikde Sionist režim gurlaly bäri we hatda ondan ozal Iňlis halkara forumlarda bu basyp alyjy režimi goldandyr diýdi.

Hamas hereketiniň metbugat sekretary, häzirki ýagdaýda Iňlisiň premýer-ministri Benýamin Netanýahuny garşylamagynyň Palestina halkyna garşy eden jenaýatlarynyň dowam etdirilmegini goldamagy manysyndadygyny aýtdy.

Hamasyň metbugat sekretary şeýle-de Iňlisiň Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahuny kabul etmegini ýazgardy we Kudsda we Günbatar Şeriýanyň beýleki sebitlerinde palestina halkyna garşy söweş jenaýatlary edenligi üçin tussag edilmegini isledi.

Şeýle hem palestinalylaryň tarapdarlarynyň we sionist režimiň garşydaşlarynyň ýüzlerçesi Benýamin Netanýahunyň Iňlise eden saparyna garşy Iňlisiň premýer-ministriniň binasynyň öňünde çykyş etdiler.

Londonda demonstrantlar Iňlis hökümetiniň sionist režime berýän goldawynyň bes edilmegini islediler.