Türkmenistan maslahaty Merkezi Aziýa-Eýran gatnaşyklarynda täze bir mümkinçilik
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i12904-türkmenistan_maslahaty_merkezi_aziýa_eýran_gatnaşyklarynda_täze_bir_mümkinçilik
Gyrgyzystanyň syýasy bilermeni Merkezi Aziýanyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanda geňeş maslahatynyň geçirilmegini Eýran bilen gatnaşyklaryna täze itergi diýip atlandyrdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 12, 2021 08:38 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan maslahaty Merkezi Aziýa-Eýran gatnaşyklarynda täze bir mümkinçilik

Gyrgyzystanyň syýasy bilermeni Merkezi Aziýanyň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanda geňeş maslahatynyň geçirilmegini Eýran bilen gatnaşyklaryna täze itergi diýip atlandyrdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, "Huseýin Osubaliýew", birnäçe gün ozal Türkmenistanda geçirilen Merkezi Aziýa liderleriniň üçünji maslahatynyň netijelerine syn bermekde, Bu ýygnagyň geçirilmegi, ýagdaýy gowulaşdyrmakda we Eýranyň Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmakda örän täsirli bolup biljek hemde sebitara ýakynlygy çuňlaşdyrmak isleglerini görkezýär diýdi.

Sebitdäki syýasy meseleler boýunça bilermen sözüniň dowamynda, sebitara ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dowam etmegi özara gatnaşyklaryň atmosferasyny üpjün etmek maksady bilen sebitara gatnaşyklary giňeltmekde oňyn rol oýnaýandyr diýip beýan etdi.

Şunuň bilen baglylykda, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti "Kasym Jumart Takaýew" Merkezi Aziýa sammitinde "Gazagystan-Türkmenistan-Eýran" demir ýoluny uly mümkinçilikler bilen üpjün etmek üçin möhüm diýip atlandyrdy. ol şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlary üçin bu ýol Pars aýlagyna barýan iň gysga ýoldyr diýmek bilen Trans-Aziýa demir ýolunyň günorta koridoryny ösdürmegiň zerurlygy hem mälim edýär diýip nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi kasam kabul ediş dabarasynda Eýranyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklaryň derejesini ýokarlandyrmakdygyny aýtdy.

Türkmenistan bilen gepleşikleriň derejesini ýokarlandyrmak Eýranyň Merkezi Aziýa syýasatynyň ösüşinde belli sepgit bolup biler.