Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol söwdasynyň kuwwatyny artdyrmak
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i13892-gazagystan_türkmenistan_eýran_demir_ýol_söwdasynyň_kuwwatyny_artdyrmak
Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol geçelgesiniň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin özara düşünişmek memorandumyna gol çekilmek bilen her ýylda 12 million tonna çenli ýük daşalyp bilner.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 12, 2021 18:39 Asia/Ashgabat
  • Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol söwdasynyň kuwwatyny artdyrmak

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol geçelgesiniň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin özara düşünişmek memorandumyna gol çekilmek bilen her ýylda 12 million tonna çenli ýük daşalyp bilner.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sebit meýilnamalaşdyryş geňeşiniň (ECO) onlaýn mejlisinde Türkmenistan Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol koridorynyň (KTI) söwda kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin özara düşünişmek memorandumyna gol çekmek kararyna geldi. Türkmenistan Maliýe we Ykdysadyýet ministriniň orunbasary Toýly Mälikow ýolbaşçylygyndaky ýygnakda resminamanyň geljek ýylyň 28-nji ýanwarynda Aşgabatda ECO Bütindünýä ykdysady gününde gol çekilmegi karar edildi.

Türkmen tarapy, meýilnamanyň üç ýurduň demirýol edaralarynyň wekilleriniň arasynda geçiriljek iş duşuşyklarynyň çäginde doly gözden geçiriljekdigini we goldanyljakdygyny aýtdy. Şeýle hem resminamanyň sebitiň ykdysady taýdan gülläp ösmegini güýçlendirýändigi we korona wirusy pandemiýasynyň ykdysady netijelerini çalt ýeňip geçýändigi nygtaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar 2025-nji ýyla çenli EKO meýilnamasynda kesgitlenen maksatlara ýetmek üçin ykdysady, söwda, ulag, energiýa we maýa goýum hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek üçin möhüm mümkinçilikleriň zerurdygyny bellediler.