TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY EÝRANYŇ NEBIT MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i14112-tÜrkmenistanyŇ_dim_niŇ_ÝolbaŞÇysy_eÝranyŇ_nebit_ministri_bilen_duŞuŞyk_geÇirdi
2021-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda EYR-na saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministri Jawad Owji bilen duşuşygy geçirildi.
(last modified 2026-02-01T01:27:28+00:00 )
Oct 27, 2021 15:43 Asia/Ashgabat
  • TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY EÝRANYŇ NEBIT MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

2021-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda EYR-na saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministri Jawad Owji bilen duşuşygy geçirildi.

Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Eýranyň energetika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtamak bilen, taraplaryň bu ugurdaky ähmiýetli başlangyçlarynyň sebit hem-de halkara düzümleriniň çäklerinde yzygiderli goldanylýandygyna kanagatlanma bildirdiler.

Ýurtlaryň energetika ulgamyndaky özara hereketleriniň derwaýys meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Geljekde iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň pudaklaýyn hyzmatdaşlygynyň has-da işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygy nygtaldy.