Türkmenistan we Gazagystan Eýranyň üsti bilen üstaşyr hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdyrlar
(last modified Wed, 27 Oct 2021 18:07:13 GMT )
Oct 27, 2021 23:07 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan we Gazagystan Eýranyň üsti bilen üstaşyr hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdyrlar

Türkmenistanyň we Gazagystanyň prezidentleri Eýranyň üsti bilen üstaşyr hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň we Gazagystanyň prezidentleri Gurbanguly Berdymuhamedow we Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýew Aşgabatda geçirilen metbugat ýygnagynda iki ýurduň, esasanam Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň üstaşyr hyzmatdaşlygynyň durmuşa geçirilmelidigini aýtdylar.

Gurbanguly Berdymuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew demirýoldan haryt eksport etmek we import etmek üçin bar bolan eksport kuwwatyny ulanmaga çagyrdylar.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň prezidentleri metbugat ýygnagynda iki ýurduň döwletlerine has netijeli ykdysady hyzmatdaşlyk üçin şertnamalara gol çekmegi we maýa goýum goldawyny çaltlaşdyrmagy ugurynda missiýa berdiler.

Iki ýurduň sebitleri we welaýatlary derejesinde ýyllyk iş ýygnaklaryny geçirmek we Mangistao we Balkan sebitleriniň serhedinde ýük terminaly bilen ýörite serhetara söwda zolagyny döretmek Gurbanguly Berdymuhamedow bilen Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky tekliplerinden biri boldy.

Ulag we tranzit pudagynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň doly ýüklenmegi we Aktau, Kurik we Türkmenbaşy portlarynyň arasyndaky özara täsiriň esasy wezipeleri Türkmenistanyň we Gazagystanyň prezidentleri tarapyndan nygtaldy.