Türkmenistan Eýran bilen gatnaşyklary berkitmegi isleýär
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i14748-türkmenistan_eýran_bilen_gatnaşyklary_berkitmegi_isleýär
Türkmenistanyň prezidenti, özüniň birnäçe ýurtdaky wekillerini şol sanda Eýrandaky ilçisini Aşgabat bilen bu ýurtlaryň paýtagtlarynyň gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugurda tagalla etmeklige çagyrdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 13, 2021 11:55 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistan Eýran bilen gatnaşyklary berkitmegi isleýär

Türkmenistanyň prezidenti, özüniň birnäçe ýurtdaky wekillerini şol sanda Eýrandaky ilçisini Aşgabat bilen bu ýurtlaryň paýtagtlarynyň gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugurda tagalla etmeklige çagyrdy.

Türkmeniň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedow Eýrandaky, Russiýadaky, Gazagystandaky we Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçilerini bu ýurtlar bilen türkmenistanyň gatnaşyklaryny giňeltmek üçin işlemäge çagyrdy.

"Gurbanguly Berdymuhamedow" bu ýurtlar bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny we Hazaryň kenar ýakasyndaky döwletleriň sammitine zerur taýýarlyk görülmegine kömek etmegi, ilçileriň täze wezipesi diýip yglan etdi.

Geçen hepde Aşgabatda Türkmenistan tarapyndan 15-nji Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) sammiti geçirildi. Sammita Daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdullahian we Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýed Ybraýym Raisi gatnaşdylar.