Owgan-Türkmen serhedinde çaknyşyk ýüze çykdy
Talyban güýçleri serhediň nol nokadynda türkmen goşunlary bilen çaknyşdy.
Owganystanyň Şafakna habar gullugynyň habaryna görä, Owganystanyň demirgazygyndaky habarly çeşmelere görä çaknyşyk Jowzjan welaýatynyň serhetýaka Hamab şäherinde bolup geçdi.
Jowzjan welaýatyndaky "Talybanyň" aňtaw we medeniýet gullugynyň başlygy Helal Balhi, çaknyşygyň duşenbe güni irden howpsuzlyk ýagdaýyny barlamak üçin Hamabyň golaýyndaky serhetýaka sebitine giden Talyban söweşijileriniň türkmen serhetçileri tarapyndan hüjüm astyna alyndy diýip yglan etdi.
Jowzjanyň aňtaw gullugynyň habaryna görä, hüjüme jogap hökmünde Talyban türkmen güýçlerine-de ot açypdyr.
Üç gün ozal türkmen serhetçileri bu sebitde bir owgan raýatyny öldüridiler we başga birini hem ýenjipdiler dýip Helal Balhi sözüne goşdy.
Bu çaknyşykda ölenleriň sany barada maglumat neşir edilmedi.
"Talyban" mundan ozal Eýran bilen Päkistanyň serhet güýçleri bilen hem çaknyşypdylar.