Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyna gaz çalşygyny iki esse köpeltmek baradaky şertnama
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i17220-türkmenistanyň_azerbaýjan_respublikasyna_gaz_çalşygyny_iki_esse_köpeltmek_baradaky_şertnama
Ýewropa bazarlarynda satmak üçin Eýrandan Azerbaýjan Respublikasyna türkmen gaz çalşygy iki esse artýar.
(last modified 2022-06-03T06:40:28+00:00 )
Jun 03, 2022 11:40 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyna gaz çalşygyny iki esse köpeltmek baradaky şertnama

Ýewropa bazarlarynda satmak üçin Eýrandan Azerbaýjan Respublikasyna türkmen gaz çalşygy iki esse artýar.

2021-nji ýylyň soňky günlerinde EKO ykdysady hyzmatdaşlyk sammitiniň çäginde; Türkmenistan, Azerbaýjan Respublikasy we Eýran Yslam Respublikasy üç taraplaýyn şertnama barada ylalaşdylar, bu ylalaşyk boýunça Eýran Türkmenistan serhedinde bu ýurtdan eksport edilýän gazy alar we munuň ýerine Azerbaýjan respublikasynyň serhedinde bu mukdar gazy iberer. Elbetde bu barada 2016-njy ýyla çenli şertnama bardy, ýöne ol togtadylypdy.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Bakuwyň energiýa konferensiýasynyň çäginde Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministri Jawad Ojiniň Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň meýilnamalarynyň biri türkmenistanyň Azerbaýjan respublikasyna gaz çalşygynyň mukdaryny iki esse köpeltmek Memoranduma gol çekişmekdir.

Eýranyň nebit ministri Bakuwyň energiýa konferensiýasynda Eýran her ýyl Türkmenistandan 1,5-2 milliard kub metr gaz alýar we Azerbaýjan Respublikasyna iberýär diýdi.

Häzirki wagtda gaz çalşygynyň iki esse köpelmegi bilen Azerbaýjan Respublikasy her ýyl Eýrandan takmynan 4 milliard kub metr gaz alýar.

Bu şertnama, Eýranyň gündogar sebitlerini energiýa merkezi hökmünde üpjün etmekden başga-da, energiýa we gaz eksporty babatynda Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkmenistanyň  bähbitlerine laýyk gelýär.