Türkmenistanyň prezidenti ertir (sişenbe) Tährana sapar edýär
Türkmenistanyň prezidenti ertir (sişenbe) Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ybraýym Raisiniň çakylygy boýunça Tährana sapar edýär.
Bu, Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedowyň wezipesine girişeli bäri Tährana ilkinji saparydyr. Eýran Yslam Respublikasy we Türkmenistan, ykdysady we söwda ýaly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňelmegini hemişe nygtaýarlar.
ISNA habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow ertir agşam, prezident Seýid Ybraýym Raisiniň resmi çakylygy boýunça bu ýurduň syýasy we ykdysady işgärleriniň ýokary derejeli wekiliýetine başdaklyk edip Tährana geler.
Saadabad toplumynda resmi garşy almak, Eýranyň prezidenti bilen duşuşmak we gepleşik geçirmek, iki ýurduň ýokary derejeli wekiliýetleriniň bilelikdäki ýygnagyny geçirmek we birnäçe hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekmek Berdimuhamedowyň iki günlük Tährana etjek saparynyň meýilnamalarynyň arasynda bolar.