Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2022-nji ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mihael Uwe Birhoff bilen duşuşygy geçirildi. Onuň barşynda Ilçi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-german gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejedäki saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekdäki ähmiýeti hem-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmeginiň netijeliligi barada bellenildi.
Diplomatlar ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça garaýyşlarynyň meňzeşliginiň abraýly halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çäklerindäki üstünlikli hyzmatdaşlygynda şöhlelendirilýändigini nygtadylar. Şeýle-de ýurtlar Ýewropa Bileleşiginiň çäginde hem üstünlikli hyzmatdaşlygy alyp barýarlar.
Ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, diplomatlar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň ähmiýetini bellediler we ýurtlaryň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler. Şeýle hem saglygy goraýyş ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi nygtaldy, lukmançylyk ulgamyndaky bilermenleriň arasynda geňeşmeleriň pugtalandyrylmagynyň zerurdygy bellenildi.
Ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen bagly türkmen tarapynyň gutlaglaryna minnetdarlyk bildirip, GFR-yň Türkmenistandaky Ilçisi türkmen-german gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegine ynam bildirdi.