ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY
2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi.
Iki dostlukly ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen paýtagtyň Halkara howa menzilinde Özbegistanyň ýolbaşçysy resmi adamlar tarapyndan garşylandy. Bellenen gowy däbe görä, milli eşikli bir oglan we gyz Özbek liderine çörek-duz we gül sowgat etdiler.
Howa menzilindäki gysga wagtlyk söhbetdeşlikden soňra Özbegistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni bu ýerden sapar mahalynda hormatly özbek myhmany üçin bellenilen kabulhana tarap ugrady.
21-nji oktýabrda irden dostlukly ýurduň Lideriniň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumyna ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylaýyş dabarasy boldy.
Iki ýurduň Döwlet baydaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň döwlet baştutany özbek kärdeşini “Rowaç” otagyna çagyrýar. Şol ýerde ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany we özbek wekilýetiniň agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübäreklap, bu ýurda gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdi hem-de bu sapara döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka hökmünde garalýandygyny belledi.
Dostlukly ýurduň Lideri Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana gelmäge çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Özbegistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandan soňra, ilkinji daşary ýurt saparyny Türkmenistana amala aşyrandygyny belledi.
Nygtalşy ýaly, hoşniýetli goňşuçylygyň taryhy däplerine, birek-birege hormat goýmaga, ynanyşmaga, uzak möhletli maksatlaryň hem-de bähbitleriň umumylygyna düşünişmäge esaslanýan döwletara gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy.
Söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, suw, oba hojalygy we beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça öňegidişikleri gazanmak başartdy. “Ýol kartasy” esasynda gazanylan ylalaşyklar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Soňra “Soltan Sanjar” zalynda gepleşikler giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekilýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany myhmany we Özbegistanyň wekilýetiniň agzalaryny Aşgabatda tüýs ýürekden mübärekläp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildiridi.
Şeýle-de taraplar sebit we ähliumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Merkezi Aziýada hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselesine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem, Prezidentler ylym-bilim, medeniýet we syýahatçylyk pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň zerurdygyny tassykladylar. Geljek ýylda iki ýurduň sebitleriniň özara Medeniýet günlerini we kino, ýaşlar festiwallaryny geçirmek teklip edildi.
Giňişleýin düzümindäki türkme-özbek gepleşikleri tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekýärler.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary köpçilikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti ýokary derejedäki duşuşygyň jemlerini beýan edip, Prezident Şawkat Mirziýoýewe, Özbegistan Respublikasynyň wekilýetiniň ähli agzalaryna açyklyk, özara ynanyşmak, düşünişmek ýagdaýynda geçen netijeli gepleşikler üçin minnetdarlyk bildirdi.
Şu günki gepleşikler mende uly kanagatlanma duygusyny döretdi, olaryň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi diýip, Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidentiniň döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly şahsy goşandyny, onuň Türkmenistan bilen hyzmtdaşlyk meselelerine berýän hemişelik ünsüni aýratyn nygtady.
Ýokary derejedäki gepleşikler tamamlanandan soňra, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda geldi. Bu ýerde Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi mähirli garşylady.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň umumy bähbitler üçin mundan beýläk-de berkidiljekdigine hem-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow özbek liderine Alabaý atly türkmen alabaýyny sowgat berdi we onuň nesil ugry hakyndaky şahadatnamany gowşurdy.
Günüň ikinji ýarymynda Prezident Şawkat Mirziýoýew “Halk hakydasy” ýädygärlikler toplumyna ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhman milli gahrymanlaryň- edermen Watan goragçylarynyň hakydasyny ebedileşdirilen “Baky Şöhrat” ýagygärligne gül goýdy.
Özbek Lideri ýadygärlikler toplumynyň çäginde ýerleşen “Watan mukaddesligi”muzeýi bilen tanşyp, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine geldi. Bu ýerde dostlukly ýurduň Liderine degişli ýokary okuw mekdebiniň “Hormatly professory” alymlyk adyny dakmak dabarasy boldy.
Özbegistanyň Baştutany TDU-nyň “Hormatly professory” alymlyk adynyň dakylandygy üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň birinde bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Şol gün Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda Aşgabatda gurlan “Daşkent” dynç alyş seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany belent mertebeli myhmany seýigähiň esasy girilgesiniň öňünde garşylady. Bu täze seýilgäh mizemez türkmen-özbek dostlugynyň ýene bir aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Seýilgäh bilen tanyşlygyň barşynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri çaýhana geldiler. Bu çaýhana özbek milli äheňinde bezelip, onda döredilen şertler bilen tanyşdylar.
Iki ýurduň döwlet Baştutanlary çaýhanadan çykyp, seýilgähiň baş sahnasynyň öňündäki meýdança gelýärler. Bu ýerde uly monitor gurnalypdyr, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri göni wideoaragatnaşyk arkaly Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň- Söwda merkeziniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar.
Serdar Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi. Dabaraly kabul edişlikde medeniýet we sungat usstalary çykyş etdiler.
Şoňra Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Aşgabadyň Halkara Howa menziline bardylar hem-de şol ýerde mähirli hoşlaşyp, geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirdiler. Iki ýurduň we halklaryň dostluk, doganlyk, hoşniýetli we giň gerimli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar.
Özbegistan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistana resmi saparyny tamamlap, uçarda Watanyna uçdy.