Saud Arabystanyň , sebitdäki hilegärlikli işleri
Orta gündogardaky özgerişleriň üsti açylyp bu sebitde bolýan oýunlar gün be gün köpräk äşgär bolýar.onuň anyk mysaly bolsa Saud Arabystan bilen Sionist režimiň ,Liwanda haýbat atylmagynda sazdaş bolmaklarydyr.
Elbetde bu zatlar Liwan Hizbullanyň baş sekretary Seýid Hasan Nasrullanyň güýçli gaýtawul bermegine gabat gelendir we ol Al-Saud bilen Sionist režimleriň edýän işleriniň üstüni açandyr. Hizbullanyň baş sekretary Seýid Hasan Nasrulla şehit güni mynasybatly berem möhüm gürrüňlerinde Sionist režimiň belki Liwana el gataýmagy, Tel-Awiwde taslanan iş dälde eýsem Riazyň hileleridir.Iwrit we Arap bileleşiginiň edýän işleriniň üsti bir ýyl bäri açlandyr.bu bileleşik Eýran bilen 5+1 toparyň ýadro gepleşikleriniň dowamynda hem iş bozarlyk etmek ugurda tagalla edendir emma öz maksatyna ýeten däldir.onuň edýän işleri bolsa indi,musulman ýurtlaryň tersine harby bileleşik gurulmagynda özüni görkezýändir we yslam dünýäsiniň ýolbaşçysy dygyny toslaýan Saud Arabystan , sionistleriň kömegi bilen sebitde ýene bir uruşyň höwrüni tutaşdyryp öz dollarlaryny,sionistleriň Liwanda harby operasiýalary edip ilaty gana boýamaklary ýolunda harç edýändir. Elbetde Sionist režimi mundan ozal ençeme gaýtar Liwanda ýeňilendir.emma Saud Arabystan Eýrany sebitleýin uruşa girmeklige öjükdirmek ugurda sionist režimini dürtgüläp,çydamyň tersine öz şahyny ýene bir gezek synap göraýmagy çetin däldir. Saud Arabystanyň daşary işler ministri Al-jobeýriň soňky wagtlarda beren gürrüňlerinde ,Eýran bilen ýuz be ýuz çaknaşmazlyk umyt etýäris diýen gürrüňi bolsa ,iwrit we Arap bileleşiginiň sebitde uruş turuzmak ugurdaky soňky maksatynyň Liwan däl,eýsem Eýran dygyny görkezýändir.Tähranyň soňky wagtlarda sebitde el geren üstünlikleri,şol sanda Siriýa bilen Yrakda DAEŞ-iň ýeňilmegi we soňky günlerde hem Ymam Hoseýiniň kyrkynyň ýyl ýetesinde geçirlen uly ýol ýörişlik Eýranyň ýumşak gudratynyň sebitde bütin yslam mezheblerini hemralyk etmekdäki gudratynyň bir görnüşi bolandir.bu hereketler bolsa Saud Arabystan Režimi gaty gorkuzandyr.şeýlede Arabystanda diktator bolmaklygy isleýän Muhemmet ben Salman näçe bölünen Saud Arabystanda birleşigi berkarar etjek bolsa ,bir täze uruşa mätäç bolýandygyny bilýändir.şonuň üçin Eýran ýaly ýurt bilen uruşylmagy Arabystanyň içinde Salmany tankyt etýän taraplary çetde oturmaklyga we tejribesiz diktator hökümeti gözläp oturmaklyga razy edi biljek möhüm meseledir. Elbetde Eýran hem bu hili oýunlara girjek däldir. Eýran ,yslam dünýäsynyň birleşigine arka bolýan ýurtdyr we Eýranyň ynamyna görä,bütin musulman ýurtlar yslamyň içindäki agyz alalyklardan el çekip sionist režimiň dargadylmagy ýolunda hereket etmelidirler