Feb 04, 2023 17:55 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistandan Özbegistana mugt gaz eksporty

Özbegistana kömek etmek üçin Türkmenistan bu ýurda çäkli mukdarda mugt suwuklandyrylan gaz eksport edýär.

Özbegistanyň içerki zerurlyklary kanagatlandyrmak üçin gyş möwsüminde Türkmenistandan takmynan 1,5 milliard kub metr tebigy gaz import edýändigi habar berildi.

Şenbe güni Fars habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň bu hereketi, bu ýurt bilen Özbegistanyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak we goňşy ýurda dostluk we doganlyk goldawyny bermek maksady bilen Türkmenistanyň prezidenti "Serdar Berdimuhamedow" tarapyndan makullandy.

Özbegistanyň häkimiýetleri ozal bu ýurtda sowuk howa şertlerinde energiýa çeşmeleriniň ýoklugy sebäpli gaz, elektrik, kömür we ýangyç nebitiniň importyny artdyrmak kararyna geldiler.

Tags