Eýran bilen Türkmenistanyň ykdysady we söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge berýän ünsi
Eýranyň we Türkmenistanyň resmileri ikitaraplaýyn ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň giňelmegine ünsi çekdiler.
Eýranyň Türkmenistanda 14-nji ýörite sergisi düýn çarşenbe iki günläp Aşgabatda döwlet we hususy ýüzden gowrak eýran kompaniýasynyň gatnaşmagynda geçirilýär.
Mehr habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Hyzmatdaşlyk, Zähmet we Durmuş üpjünçiligi ministri "Solat Mortazawi" bu sergi barada, Eýranyň mümkinçiliklerine we ukyplaryna salgylanyp; Eýran bilen Türkmenistanyň hemişelik sergisi bolup bilmegigine umyt bildirdi.
Bu serginiň çäginde Türkmenistan Ministrler Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew hem Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň hasam ösmegigine umyt bildirdi.
Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Halis hem, geçen ýyl başlanan Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky işewür gatnaşyklaryň ösýän tendensiýasynyň, iki tarapyň hem söwda gatnaşyklarynyň giňelmegine berýän ähmiýeti bilen has çalt depginde dowam etmegine umyt bildirdi.
Arbab Halisiň pikiriçe, bu Eýranyň daşary ýurtlardaky iň uly ýöriteleşdirilen sergisidir.