Mar 25, 2023 10:05 Asia/Ashgabat
  • Kataryň Doha şäherinde Türkmenistanyň ilçihanasy açyldy

Türkmenistanyň ilçihanasy Dohada (Kataryň paýtagty) açyldy.

"Fars" habar gullugynyň anna güni beren habaryna görä, Türkmenistanyň Dohadaky ilçihanasynyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň prezidenti "Serdar Berdimuhamedowyň" Katara eden soňky sapary çäginde amala aşyryldy.

Bu dabara Türkmenistan hökümetiniň käbir agzalary, Kataryň Doha şäherinde ýaşaýan daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem iki ýurduň Daşary işler ministrliginiň işgärleri gatnaşdylar.

Türkmen tarapy, bu ilçihananyň döredilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynda Katar bilen gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm rol oýnaýandygyny aýtdy.

Tags