Türkmenistanda “Awaza — 2023” atly halkara tans we folklor festiwaly" işini jemledi
(last modified Sat, 17 Jun 2023 04:36:01 GMT )
Jun 17, 2023 09:36 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanda “Awaza — 2023” atly halkara tans we folklor festiwaly

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan geçirlen çärä gatnaşmak üçin halkara guramalaryň, ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Eýrandan, Hindistandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Täjigistandan, Russiýadan, Rumyniýadan, Özbegistandan alymlar we hünärmenler, medeniýet işgärleri, sahna ussatlary gatnaşdylar.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, sişenbe güni Türkmenistanyň prezidentiniň sargydyny okamak bilen başlanan bu ylmy we amaly konferensiýa, gatnaşyjy ýurtlaryň sungat işgärlerine diplom gowşurylmagy bilen dört günden soň işini tamamlady.

Dünýä halklarynyň sungatyna bagyşlanan bu halkara forum Türkmenistanda özboluşly milli medeniýetimizi gorap saklamak we giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan beýleki ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyryp, ählumumy durnukly ösüşe goşant goşýar. Şunda halklaryň özara düşünişmegine we ruhy taýdan ýakynlaşmagyna, şeýle hem häzirki zaman jemgyýetiniň pederlerden miras galan ynsanperwerlik ýörelgeleri, aň-paýhas we döredijilik kuwwaty esasynda ösdürilmegine ýardam berýän medeni dialoga aýratyn orun degişlidir.

Parahatçylyk döredijilikli hukuk derejesine eýe bolan Bitarap Türkmenistan goňşy ýurtlar bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýýar, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän başlangyçlar bilen çykyş edýär, şeýle hem öz raýatlarynyň abadan durmuşynyň kepili bolmak ýaly möhüm borçnamalary öz üstüne aldy.

Türkmenistan sebitiň ykrar edilen medeniýet merkezi bolmak bilen, hyzmatdaşlyga taýýardygyny görkezýär hem-de öz göreldesi bilen, medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga çagyrýar.

Bu festiwalyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň ministrler toparynyň başlygynyň orunbasary  hanym Mähri Jemal Mämedowa Türkmenistanyň prezidentiniň bu halkara medeni çäräniň ähmiýeti we täsiri baradaky sargydyny okady.

Türkmenistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň ýerine ýetiriji sungat bölüminiň müdiri we taryhy ylymlaryň gözlegçisi "Agamyrat Baltaýew" hem "milli mirasyň bir bölegi hökmünde halk döredijiligi, we däp-dessurlar" barada çykyş etdi.

Bu konferensiýa Türkmenistan Respublikasynyň käbir işgärleri, Eýran Yslam Respublikasynyň medeni geňeşçisi "Nawid Rasouli" we Eýran, Hytaý, Russiýa, Türkmenistan, Hindistan, Özbegistan, Täjigistan, Gazagystan, Rumyniýa we birnäçe ýurtdan gelen sungat işgärleri we gözlegçiler şeýle-de türkmen metbugatynyň agzalary gatnaşdylar bu ýygnk. "Daýanç" zalynda, Türkmenistanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Balkan welaýatynyň "Awaze" syýahatçylyk sebitinde geçirildi.

Açylyş dabarasynda her ýurtdan gelen toparlara bäş minutlap çykyş etmäge rugsat berildi. Eýrandan "Ali Hassannejad" tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän " Mazandaran Ýaşaýşy" topary, halk aýdym-sazlaryny çalmak we ekin ekmek we hasyl ýygnamak we çopan durmuşyny görkezýän däp-dessur hereketlerini ýerine ýetirmek bilen öz programmasyny ýerine ýetirdi.