Özbegistan we Türkmenistan Daşkentde syýasy geňeşmeleri geçirdiler
Türkmenistanyň we Özbegistanyň diplomatik işgärleri syýasy we konsullyk pudagynda hyzmatdaşlygy artdyrmak barada ylalaşdylar.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, Daşkent şäherinde iki ýurduň ýokary derejeli resmileriniň gatnaşmagynda Özbegistanyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrlikleriniň syýasy geňeşmeleri geçirildi.
Bu duşuşyga konsullygyň wekilleri we iki ýurduň polisiýa güýçleri gatnaşdy. Bu ýygnakda iki ýurduň raýatlarynyň hukuklaryny goramak ýaly konsullyk pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga garaldy.
Daşkentiň we Aşgabadyň resmileri hukuk, konsullyk we polisiýa ugurlarynda tejribe alyşmak, bilelikdäki taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmek meselesini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň ahyrynda gazanylan şertnamalary durmuşa geçirmek üçin teswirnama gol çekildi.
yakynda Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri wideo konferensiýanyň çäginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň soňky ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Gazagystandan soň Türkmenistan Özbegistanyň Merkezi Aziýadaky iň uly söwda hyzmatdaşydyr.
Iki ýurduň söwda alyş-çalyşlary şu ýylyň ilkinji üç aýynda geçen ýyl bilen deňeşdirilende 10,5% ýokarlamak bilen 263,4 million dollara ýetdi.