Aug 05, 2023 09:34 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri bilen duşuşygy

2023-nji ýylyň 4-nji awgustynda türkmenistan halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýurda üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin gelen Özbegistan bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleri bilen duşuşyklary geçirdi.

şu esasda Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedow  Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow  belent mertebeli myhmany mähirli garşylap, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň doganlyk Türkmenistana gelmek hakyndaky çakylygyny kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Halk Maslahatynyň Başlygy geçiriljek gepleşikleriň ýokary derejä eýe boljakdygyny we syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda üçtaraplaýyn – Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde pikir alyşmalar üçin gowy mümkinçiligiň dörejekdigine ynam bildirdi. 

Duşuşygyň dowamynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagadaýy we ony mundan beýläk hem giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2023-nji ýylyň 4-nji awgustynda Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýurda üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany mähirli garşylap, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň doganlyk Türkmenistana gelmek hakyndaky çakylygyny kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Halk Maslahatynyň Başlygy geçiriljek gepleşikleriň ýokary derejä eýe boljakdygyny we syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda üçtaraplaýyn – Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde pikir alyşmalar üçin gowy mümkinçiligiň dörejekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň häzirki ýagadaýy we ony mundan beýläk hem giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Tags