Mary şäherinde Eýranyň we Türkmenistanyň senetçilik bilelikdäki sergisiniň açylyşy
(last modified Thu, 14 Dec 2023 15:09:04 GMT )
Dec 14, 2023 20:09 Asia/Ashgabat
  • Mary şäherinde Eýranyň we Türkmenistanyň senetçilik bilelikdäki sergisiniň açylyşy

Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň senetçilik kompaniýalarynyň gatnaşmagynda iki ýurduň gadymy Mary şäherinde senetçilik we kafel ussahanasynyň bilelikdäki sergisi açyldy.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň we Türkmenistanyň senetçilik we kafel ussahanasynyň bilelikdäki sergisi, Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi "Ali Mojtaba Rozbahani", Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekili we Aşgabat muzeýiniň başlygy "Ysmaýyl Orazow" şekillendiriş sungaty, beýleki türkmen işgärleri, käbir diplomatlar, Marynyň raýatlary we iki ýurduň senetçilik önümçileri şeýle-de Eýranyň däp-dessur aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary bilen birlikde şu gün, penşenbe güni gadymy Mary şäheriniň taryhy we geografiýasy muzeýinde açyldy.

Bu serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekili we Aşgabat wizual sungat muzeýiniň başlygy Ysmaýyl Orazow islendik ýurtdaky senetler şol ýurduň ykdysady ösüşini görkezýär we Türkmenistanda bolsa senetçiligi ösdürmek üçin köp işler edilýär diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi "Ali Mojtaba Rozbahani" gadymy Mary şäherine ilkinji iş saparyndan hoşaldygyny aýtmak bilen senetçilik, Geçmişdäki we häzirki koumlaryň medeni ilçileri we bu pudaklar bilen iş salyşýan taýpalaryň sungatynyň we döredijiliginiň ýüze çykmagydyr diýdi.

Rozbahani, Eýranyň senetçilik pudagyndaky pozisiýasyna yşarat edip Bütindünýä senetçilik geňeşiniň statistikasyna görä, dünýäde hasaba alnan 59 senetçilik şäherinden 11 şäher we 3 senetçilik obasy Eýrandandyr diýip beýan etdi.

Eýranyň we Türkmenistanyň senetçilik sergisi ertir, anna güni hem dowam edýär.