Dec 15, 2023 15:19 Asia/Ashgabat
  • Türkmenistanyň prezidenti Galkynyş gaz käniniň ähmiýetini nygtady

Türkmenistanyň prezidenti Galkynyş gaz käniniň Aşgabat üçin syýasy we ykdysady ähmiýetini nygtady.

Türkmenistanyň günortasynda 26 trillion kub metr gazly Galkynyş gaz ýatagy dünýäde ikinji orunda durýar.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, prezident Berdimuhamedow Nebit we gaz işçiler güni mynasybetli eden ýüzlenmesinde Galkynyş gaz känini bu ýurt üçin möhüm diýip atlandyrdy şeýle hem, ýangyç ýataklarynda işleýän wagtda ylmy üstünlikleriň ulanylmagyna we daşky gurşawy goramak ülňüleriniň berjaý edilmegine ünsi çekdi.

Berdimuhamedow Galkynyş gaz känini dünýädäki energiýa ätiýaçlyklary taýdan möhüm diýip atlandyrdy we bu gorlaryň Türkmenistan üçin syýasy we ykdysady taýdan möhümdigini aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti, Dubaýda COP27 diýlip atlandyrylýan 28-nji howanyň üýtgemegi konferensiýasynyň mejlisinde türkmen wekiliniň gatnaşmagyna ünsi çekmek bilen ýangyç önümçiliginiň ýokarlanmagyny nygtamak bilen bu ýurduň halkara gurluşlary bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny aýtdy.

Tags