BMG-nyň , Eýranyň tersine çykaran karar haty hakda
Amerika bilen onuň ýaranlary adam hukuk meselesi barada Eýranyň tersine toslaýan toslamalaryny gaýtaladylar.olar şu hakda ýene bir gezek BMG-nyň umumy ýygnagynda Eýranyň tersine bir karar haty çykardylar.
BMG-nyň umumy ýygnagynyň 3-njy komiteti bu günler ýene bir gaýtar subutlanmadyk aýyplamalary gaýtalap ,Eýranyň adam hukuk ýagdaýynyň tersine bir karar haty makullady.Angilýa,ABŞ,fransiýa,Bahreýn,Saud Arabystan we Birleşen Arap Emirlikleri we Kanada şol karar hata oňyn ses beren ýurtlardandyrlar.adam hukuk meselesi durmuşky asyrda syýasy maksatlaryň ileri äkidilmegi üçin bir abzala öwrülendir.bu meseleden bir abzal höküminde haýyrlanmagyny ,ýurtlaryň dürli menjeşiklerinde we dawalarynda we ýumşak tärde haýbat atmaklarynda görmek bolýandyr.Amerikanyň ýolbaşçylygyndaky günbataryň Eýran yslam respublikasynyň tersine bolýan adam hukuk toslamalarynyň gaýtalanmagyny hem şu gürrüňden barlap bolýandyr.günbataryň adam hukuk bölümleri Eýrany hakytda ölüm söwdasyny etýän neşe serişdeleri gaçak etýän adamlary öldürmegi sebäpli ençeme gezek tankyt edip, ölüm jezalaryň hem togtadylmagyny isländirler.Eýranda hamana söz aztlygynyň ýoklygy,zenanlaryň garşysynda parhly işleriň edilmegi we dini we mezhep azlyklaryň hak hukuklaryna boýun bolmazlyk günbataryň Eýranyň tersine toslan beýleki püç gürrüňlerindendir.Amerika bilen onuň Kanada we Beýik Britaniýa ýaly hemaýatçylary hakykatda dünýäde we hatda öz ýurtlarynda adam hukugyny gödek bozýan ýurtlardandyrlar.ABŞ-da gara ýagyzlaryň hak hukuklarynyň her gxnde depelenmekleri,Amerika bilen Kanadada gyzyl ýagyzly ýerli adamlara bolýan taryhy sütemler we olaryň çagalary öldürýän sionist režimi bilen Saud režimini hemralyk edip olara hemaýat bermekleri, adam hukukyny toslan bolýan taraplaryň asly ýöriteliklerindendirler. Bu ýurtlar, Saddamyň Eýrana ýüklän uruşynda hem jenaýatkär Saddama hemaýat bermekde öň hatarda durandyrlar.olar Saddamyň erkinde dürli bombalary raketalary we himiki ýaraglary goýup , hatda Eýranyň ýolagçy gatnatýan uçaryny hem raketa bilen urup 290 adamyň janyny alandyrlar.olar indi hem Saud Arabystan bilen sionist režimiň erkinde fosforly we hoşaly bombalaryny goýandyrlar.şol ýaraglar we bombalar bilen hem zenandyr çagalar girana berilendirler.olar şeýle ýagdaýlarynda Eýranyň tersine bir karar haty ileri sürüp ,haýbat atmak ýollardan şol karar haty makulladandyrlar.günbataryň garaýşyndan adam hukuk meselesi başgaça bolýandyr.günbataryň garaýşyndan ýurtlar hem terrorçy toparlar ýaly gowy we erbet bölümlere bölünýändirler.ýygnakda aýdar bolsak bu hili toslamalar bilen adam hukuka boýun bolmaklygy görkezip bolýan däldirde ,eýsem hakykatda milletleriň dini we medeni degerliklerine hormat goýulmagy we ynsan keramatynyň saklanmagy gereklidir.