Eýran Türkmenistan bilen lukmançylyk hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardyr
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i7527-eýran_türkmenistan_bilen_lukmançylyk_hyzmatdaşlygyny_giňeltmäge_taýýardyr
Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi, Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň iki ýurduň arasynda saglyk, bejeriş we lukmançylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Apr 30, 2020 09:45 Asia/Ashgabat
  • Eýran Türkmenistan bilen lukmançylyk hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardyr

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi, Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň iki ýurduň arasynda saglyk, bejeriş we lukmançylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny yglan etdi.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golamabbas Arbab Halis penşenbe güni Türkmenistanyň umumy saglygy goraýyş bölümini ösdürmek üçin gowy çäreleriň we infrastrukturanyň görülendigini aýtmak bilen Eýranyň sebitdäki we dünýädäki ýokary lukmançylyk ukyby, başarnygy we tejribesi beýleki ýurtlary bu mümkinçilikden peýdalanmaga we Eýranyň dürli lukmançylyk bölümleri bilen lukmançylyk we bejeriş gatnaşyklaryna başlamaga sebäp bolandyr diýdi.

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi, Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Horasan Razawi welaýatynyň merkezi Maşadyň sebitiň saglyk syýahatçylyk merkezidigine yşarat edip Maşadyň Medisina Ylymlar Uniwersitetiniň habaryna görä, daşary ýurt raýatlaryna, şol sanda Merkezi Aziýanyň raýatlaryna öz saglyklaryny bejertmekleri üçin köpden bäri saglyk hyzmatlary taýýarlanandyr diýip beýan etdi.

Merkezi Aziýada takmynan ýedi million ilaty bolan Türkmenistan Eýran, Özbegistan, Owganystan we Gazagystan bilen serhetdeşdir.