Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň strategiýalary gözden geçirildi
https://parstoday.ir/tk/news/turkmenistan-i8390-eýran_bilen_türkmenistanyň_arasyndaky_ykdysady_gatnaşyklary_ösdürmegiň_strategiýalary_gözden_geçirildi
Eýranyň Razawi Horasan we Türkmenistanyň Mari welaýatlarynyň häkimleriniň ýygnagynda iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň strategiýalary gözden geçirildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 06, 2020 14:38 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň strategiýalary gözden geçirildi

Eýranyň Razawi Horasan we Türkmenistanyň Mari welaýatlarynyň häkimleriniň ýygnagynda iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň strategiýalary gözden geçirildi.

Eýranyň Razawi Horasan welaýatynyň häkimi Alireza Razm Hosseini şu gün Türkmenistanyň Mari welaýatynyň häkimi Anna Bardiýew bilen geçirilen wideo konferensiýada  Eýranyň we Türkmenistanyň prezidentleri bilen Daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen öňki gepleşikleriň çäginde iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklarda öňegidişlik bolar diýip umyt edýäris diýdi.

Razm Hosseýni, Eýranda gündelik 11 million maska ​​öndürilýändigi barada durup geçip, Eýranyň Korona garşy göreşde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy artdyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň gubernatory Anna Berdeýew hem wideokonferensiýadan hoşaldygyny aýtdy we muny iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekde ilkinji ädim diýip atlandyrmak bilen Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar ösmegini we bu ugurda has köp pursatlaryň döremegini umyt edýäris diýdi.

Türkmenistanyň Mari welaýatynyň häkimi şeýle-de dünýädäki häzirki ykdysady krizisde, iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmek baradaky islendik teklibi goldaýarys diýip beýan etdi..