Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly dostlugyň nyşany
Gazagystanyň Daşary işler ministrligi Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoluny sebitdäki üç ýurduň arasyndaky dostlugyň nyşany we halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze mümkinçilik hökmünde häsiýetlendirdi.
FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Gazagystanyň Daşary işler ministrligi duşenbe güni beren beýanatynda Strategiki taýdan bu demirýol liniýasy Uly Ýüpek ýolunyň janlanmagy, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hazar sebitiniň arasynda özara söwdanyň ösmegi üçin möhüm ähmiýete eýe bolup, demirgazyk bilen günorta we gündogary günbatara birleşdirýär diýip yglan etdi.
"Gazagystan-Türkmenistan-Eýran" demir ýolunyň gurluşygy 2009-njy ýylda başlandy we 2014-nji ýylda Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň prezidentleriniň gatnaşmagynda açyldy.