Amerika,Eýranyň düzgünini ýykjak bolýar
https://parstoday.ir/tk/news/uncategorised-i1079-amerika_eýranyň_düzgünini_ýykjak_bolýar
Geçen bir näçe günde ykdysady kynçylyklar, käbir harytlaryň bahasynyň ýokarlanmagy-käbir adamlaryň maliýe banklarda pullarynyň ýanmagy we döwletiň bu zatlara monitoriň etmekde ejiz bolmagy sebäpli Eýranyň käbir şäherleriniň ilati arzaly bolup ýygnaklary geçirendirler.
(last modified 2026-02-01T04:57:28+00:00 )
Jan 02, 2018 02:11 Asia/Ashgabat
  • Amerika,Eýranyň düzgünini ýykjak bolýar

Geçen bir näçe günde ykdysady kynçylyklar, käbir harytlaryň bahasynyň ýokarlanmagy-käbir adamlaryň maliýe banklarda pullarynyň ýanmagy we döwletiň bu zatlara monitoriň etmekde ejiz bolmagy sebäpli Eýranyň käbir şäherleriniň ilati arzaly bolup ýygnaklary geçirendirler.

Emma bu ýygnaklaryň käleri,ozaldan taslanan işler boýunça bulagaýçylyklara çekilendir we pursatyň yzynda bolýan adamlar,bir näçe döwlet merkezlere we banklara hüjüm edip umumy mekanlary dargadandyrlar.Eýranyň içeri işler ministrleri Rahmani Fazli Tähranda Eýranyň dürli welaýatlarynyň 5-nji döwür ýokary  şurasynyň ilkinji  maslahatlarynda beren gürrüňlerinde ,pursatyň yzynda bolýan kä adamlaryň bulagaýçylyk döretmeklerine gaýtawul berip,köpçülikde bulagaýçylyk döredilmegine asla rugsat berilmejekdigini nygtap, basyp alyjy sionist režimiň ,sebitiň käbir bakna ýurtlarynyň we Amerikanyň şol käbir bozgunçylykly işlere ýardym berip begenmekleri  Eýranda bolan wakalaryň sebäbini belli etýändir diýdi.şol hemaýatlaryň dowamynda ,Ak tamyň metbugat wekili  Sara Sanders , twiter sahypasynda ABŞ-yň bozgunçylaryň ýanlarynda bolýandygyny  aýdyp,Amerikaň,Eýranda basgylajy işlerden göz ýummagynyň günleri soňlandyr diýip haýbat atan bolandyr.Amerikaň daşary işler ministrligi hem, bir beýannama çykaryp,Donalt Trampyň bir näçe aý mundan ozal Eýranyň tersine aýdan toslamalaryny ýaňadan gaýtalap ,Eýranyň eksport etýän möhüm zady, gahar gazaply işler-gan dökülmegi we bulagaýçylykdyr diýip toslandyr.Waşington bütin milletleriň Eýran ilatyna açyk ýardym bermeklerini isleýär dilip ýaňky beýannamada getirlendir.şeýle halda aýtmak gerek Tramp bir näçe wagt mundan ozal Eýranyň ilatyny terrorçy wasp edendir.Eýranyň milleti bu hili işleri  mundan ozal hem tejribe edendir we onuň köklerini gowy tanaýandyr.ABŞ-yň nagşalary,bu ýurduň daşary işler minstri Reks Tilersonyň soňky wagtlarda aýdan gürrüňlerinde belli bolandyr.ol birnäçe gün mundan ozal,New Ýork Taimes gazetinde neşir edilen hatynda,Eýranyň ýadro ylalaşygy indi biziň Tähranyň garşysyndaky syýasatymyzyň üns merkezinde bolýan däldir.biz indi,Eýranyň tarapyndan bolýan bütin howplara garşy göreşýäris. Bu syýasatyň bir bölümi,orta gündogarda öz şäriklerimiz bilen ýaňadan bileleşik gurmaklyga dolanýar we biz sebitde durnuksyzlyk döretýänlere garşy göreşilmeginde käbir işleri ederis diýipdi.her halda Trampyň döwleti,Eýranda hakyky üýtgeleňlik bolmagy üçin öz küýiň   üýtgedilmegi  gerekli bolýandyr,emma Eýranyň ilaty geçen 4 on ýyllygyň  boýunda düzgüne wepadardyklaryny görkezendirler we ýenede duşmanlaryň hilelerini suwa dökerler .