Eýran suddan öň Türkmenistana gaz tranzit mümkinçiligini ýaňzydýar
Eýranyň döwlet eýeçiligindäki IRNA habar gullugy 10-njy ýanwarda Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda gaz ylalaşygy üstündäki dawanyň öz ýetjek derejesine ýetendigini we taraplaryň halkara arbitražyndaky çözülişmä taýýarlyk görýändiklerini habar berdi.
Neşiriň ýazmagyna görä, Türkmenistan her neneňsi netije çykarylanda-da utulyşda galar, sebäbi eksport tranzitçisi meselesinde Eýrana mätäç bolup durýar.
“Birinjiden, Türkmenistan Eýran babatynda özüniň gaz import edýän iri müşderisini ýitirdi. Ikinjiden, gaz eksporty gymmat durýan prosedura bolup, gazy täze müşderilere, hususan-da Hytaýa, Ýewropa we Pakistana ibermek üçin uly geçirijileri talap edýär, Eýrana bolsa türkmen gazy iň az harajat bilen iberilýär, sebäbi bu ýurtlar goňşy bolup durýarlar.. Üçünjiden, dünýäde uly gaz gorlaryna eýe bolan ýurtlaryň biri hökmünde, Eýrana eksport tranzitçisi hökmünde hem mätäç bolup durýar”.
Häzirki pursatda Türkmenistan, gazyny diňe Hytaýa eksport etmek bilen, energiýa serişdelerini satmagy dürlüleşdirmek mümkinçiliklerini gözleýär. Iki ugur boýunça: günorta-gündogar (TOPH gaz geçirijisi) we günbatar (TANAP) ugurlary boýunça iş alnyp barylýar.
Iki proýektde hem çözülmedik meseleler bar. TOPH gaz geçirijisi barada aýdylanda, geçirijileriň köp sanly terror toparlary tarapyndan ýarylmak töwekgelligi bilen Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlary saklanyp galýar. Transhazar gaz geçirijisiniň bolsa, Kaspi deňziniň kesgitlenmedik durumy bilen bagly problemalary bar we bu ýagdaý deňziň düýbünden turba geçirmegiň öňünde ýuridiki häsiýetli meseleleri döredýär.
Eýran tarapynyň ikuçsuz ýaňzytmagyna görä, bu problemalaryň çözgüdi türkmen gazynyň Türkiýe we Pakistan bilen serhetleşýän Eýranyň territoriýasyndan we Kaspi deňzinden sowa tranzit edilmegi bolup durýar, şeýle-de Eýran topragy geçirijiniň Owganystandan sowa geçirilmegine mümkinçilik berýär.
Aşgabat bergileriň berilmegini talap etmek bilen, Tähranyň pikirine görä, şu mümkinçiliklerden kesilmek töwegelligine uçraýar.
Emma Türkmenistan sud seljerişliginden ýüz öwren ýagdaýynda hem türkmen gazynyň eýran territoriýasynyň üstünden tranzit edilmegi baradaky teklip örän şübheli görünýär. Birinjiden, Eýranyň demirgazygyndaky gaz geçiriji ulgamlary gowşak ösen we hut şu ýagdaý hem Eýranyň öz demirgazyk sebitleri üçin türkmen gazyny satyn almagyna sebäp boldy. Onsoň Eýranyň başga bir ýurduň gazyny tranzit etmek üçin bu regionlardaky gaz geçirijilerini ösdürjegine ynanamak kyn. Ikinjiden, Eýranyň özi hem şu iki ugur boýunça öz gazyny eksport etmek meseleleriniň üstünde işleýär.
2017-nji ýylyň maýynda Azerbaýjan Eýrany Transanatoliý gaz geçirijisi proýektine goşulmaga cagyrdy,2017-nji ýylyň noýabrynda bolsa, RF-nyň prezidenti Wladirmir Putiniň Tährana eden sapary mahalynda, taraplar Eýran-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň TYE-nyň (tekniki-ykdysady esaslarynyň) üstünde işlemäge başlamak barada ylalaşyga geldi.
Belki-de Tähran, iki taslamanyň hem mümkin bolan kuwwatyna doly şärik bolmak üçin, Aşgabada bilelikde eksport etmegi teklip etjekdir, emma beýle bolsa Aşgabat Tährana garaşlylyk ýagdaýyna düşýär, sebäbi Eýranyň öz ýataklarynyň özleşdirilmegi türkmen gazynyň gysylyp çykarylmagyna getirip biler. Halkara arbitraž sudunda boljak seljerişlik mysalyndan görnüşi ýaly, hatda gol çekilen uzak möhletli şertnamalar hem, ýagdaýa baglylykda, taraplar tarapyndan başgaça düşündirilip bilner.
Mundanam başga, Türkmenistan bu serişdäni belki, “Türkmengaz” arkaly, TOPH gaz geçiriji proýektine ýatyrjakdyr. Aýdylmagyna görä, türkmen mediasy häzirlikçe görkezmeýän hem bolsa, käbir maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýän geçiriji eýýäm Owganystan bilen serhede ýetip barýar. Emma EPH häzirki pursatda diňe taslanmagynyň başky basgançaklarynda dur. Uzaga çekjege çalym edýän sud seljerişligi TOPH geçirijisini belli bir derejede haýalladyp ýa-da, nukdaý nazara baglylykda, onuň ilerlemegine goşmaça maliýe itergisini berdirmän biler.