Eýran yslam respublikasynyň we Yragyň harby hyzmatdaşlyklary hakda
Eýran yslam respublikasynyň we Yragyň harby hyzmatdaşlyklary bu iki ýurta we sebite möhümdir.
Eýran yslam respublikasynyň gorag ministri admiral Amir Hatemi ,Yragyň paýtagty Bagdada sapar edip Yrak goşunynyň ýaragly güýçleriniň baş erk hanasynyň serkerdesi bilen duşuşyp maslahat geçirdi .
Eýran yslam respublikasynyň gorag ministri Amir Hatemi Bagdadda Yrak goşunynyň baş erk hanasynyň serkerdesi Osman Al-Ganemi bilen geçiren duşuşygynda,Yragyň terrorizminiň garşysynda ýeňişleri gazanmagyny gutlamak bilen,Yrak milli birleşik,ahunlaryň akyl paýhaslary,göreşjeňleriň we jogapkärleriň tagallalary bilen bu üstünlikleri gazanandyr diýip beýan etdi. Eýran yslam respublikasynyň gorag ministri ,Eýran ,Yragyň ýurt kämilliginiň goralmagyny isleýändir we Yragyň durnuklylygy sebite gaty ähmiýetlidir diýip aýtdy. Yrak goşunynyň baş erk hanasynyň serkerdesi Osman Al-Ganemi hem bu duşuşykda ,Tähran we Bagdat Yragy terroristlerden kämil arassalamak üçin öz hyzmatdaşlyklaryny dowam etdirjekdirler diýip belledi. Yrak goşunynyň baş erk hanasynyň serkerdesi Osman Al-Ganemi şeýlede,öz ýurdunyň ,DAEŞ-yň terroristleriniň garşysynda ýeňiş gazanmagynda ,Eýran yslam respublikasynyň dogan bolup yraklylara kömek edenliginden gadyrdanlyk bildirdi.Eýran we Yrak iki goňşy ýurtlar dirlar.Eýran we Yrak çydam toplumynda ýerleşendirler we 2 güýç bolup DAEŞ-y şowsuzlyga uçradandyrlar. Eýran yslam respublikasy WE Yrak medeni ,dil we mezhep taýdan köp bileleşikli ýerliklerden paýly dyrlar,şonuň üçin 2 ýurduň halkynyň gatnaşyklary çuň gatnaşyklar bolup durýandyr. Eýran yslam respublikasy we Yragyň ortak serhetleri hem uzak serhetlerdirler, şonuň üçin hem bu iki ýurt , birek- biregiň ýagdaýyna biparh däldirler.şu ugurda Eýran yslam respublikasy ,DAEŞ-yň Yraga giren badyna deslapki ýurtlar bolup,yraklylaryň kömegine bardy.Yragyň amanlygy we durnuklylygy , Eýran yslam respublikasyna we sebite gaty ähmiýetlidir,şonuň üçin,Yrakda terrorizm bilen bolan uruşda ,Eýran yslam respublikasy öz tejribelerini Yraga berendir. Eýran yslam respublikasy ,Yrakda ilin güýçleriň gurulmagynda hem ähli taraplardan Yraga kömek berdi.