Eýran yslam respublikasynyň we Yragyň harby hyzmatdaşlyklary hakda
(last modified Fri, 20 Apr 2018 08:14:58 GMT )
Apr 20, 2018 13:14 Asia/Ashgabat
  • Eýran yslam respublikasynyň we Yragyň harby  hyzmatdaşlyklary hakda

Eýran yslam respublikasynyň we Yragyň harby hyzmatdaşlyklary bu iki ýurta we sebite möhümdir.

Eýran yslam respublikasynyň gorag ministri admiral Amir Hatemi ,Yragyň paýtagty Bagdada sapar edip Yrak goşunynyň ýaragly güýçleriniň baş erk hanasynyň serkerdesi bilen duşuşyp maslahat geçirdi .

Eýran yslam respublikasynyň gorag ministri Amir Hatemi  Bagdadda Yrak goşunynyň baş erk hanasynyň serkerdesi Osman Al-Ganemi bilen geçiren duşuşygynda,Yragyň  terrorizminiň garşysynda ýeňişleri  gazanmagyny gutlamak bilen,Yrak milli birleşik,ahunlaryň akyl paýhaslary,göreşjeňleriň we jogapkärleriň  tagallalary bilen  bu üstünlikleri gazanandyr diýip beýan etdi. Eýran yslam respublikasynyň gorag ministri ,Eýran ,Yragyň  ýurt  kämilliginiň goralmagyny isleýändir we Yragyň durnuklylygy  sebite gaty ähmiýetlidir diýip  aýtdy. Yrak goşunynyň baş erk hanasynyň serkerdesi Osman Al-Ganemi hem bu duşuşykda ,Tähran we Bagdat Yragy  terroristlerden  kämil arassalamak üçin öz hyzmatdaşlyklaryny dowam etdirjekdirler diýip belledi. Yrak goşunynyň baş erk hanasynyň serkerdesi Osman Al-Ganemi şeýlede,öz ýurdunyň ,DAEŞ-yň terroristleriniň garşysynda ýeňiş gazanmagynda ,Eýran yslam respublikasynyň dogan bolup yraklylara kömek edenliginden  gadyrdanlyk bildirdi.Eýran we Yrak iki goňşy ýurtlar dirlar.Eýran  we Yrak çydam toplumynda ýerleşendirler we 2 güýç bolup DAEŞ-y şowsuzlyga uçradandyrlar. Eýran yslam respublikasy WE Yrak medeni ,dil we mezhep taýdan köp bileleşikli ýerliklerden paýly dyrlar,şonuň  üçin 2 ýurduň halkynyň  gatnaşyklary çuň gatnaşyklar bolup durýandyr. Eýran yslam respublikasy we Yragyň ortak serhetleri hem uzak serhetlerdirler, şonuň üçin hem bu iki ýurt , birek- biregiň ýagdaýyna biparh däldirler.şu ugurda Eýran yslam respublikasy ,DAEŞ-yň Yraga giren badyna deslapki ýurtlar bolup,yraklylaryň kömegine bardy.Yragyň amanlygy we durnuklylygy , Eýran yslam respublikasyna we sebite gaty ähmiýetlidir,şonuň üçin,Yrakda terrorizm bilen bolan uruşda  ,Eýran yslam respublikasy öz tejribelerini Yraga berendir. Eýran yslam respublikasy ,Yrakda ilin güýçleriň gurulmagynda hem ähli taraplardan Yraga kömek berdi.

Tags