Eýran,Türkmenistan bilen gaz dawasynyň sudsuz çözülmegine umyt bildirýär
(last modified Thu, 26 Apr 2018 08:28:30 GMT )
Apr 26, 2018 13:28 Asia/Ashgabat
  • Eýran,Türkmenistan bilen gaz dawasynyň sudsuz çözülmegine umyt bildirýär

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Hamid-Reza Aragi Türkmenistan bilen gaz dawasynyň sudsuz çözülmegine umyt bildirýär

24-nji aprelde Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Hamid-Reza Aragi indiki aýa çenli türkmen we eýrän ekspertleriniň taraplaryň gaz dawasyndaky özara nägileliklerini we oňuşmazlyklaryny öwrenmeklerine hem-de konfliktiň sud seljerişligine ýertmezden çözülmegine umyt bildirdi. Bu barada Eýranyň resmi  IRNA habar agentligi habar berdi.

Araki ýene bir gezek Türkmenistanyň iberýän gazynyň hiliniň pesliginden şikaýat etdi we şu sebäpden eýran tarapynyň Aşgabada goşmaça jerime salandygyny belledi. “Emma Türkmenistan gazyň hilini gowulandyrmagy wada berdi, biz hem öz gezegimizde jerimeleriň möçberini azaltjagymyzy aýtdyk” – diýip EMGK-nyň başlygy aýtdy.

Mundan öň Eýranyň nebit senagaty ministri Bijan zangene hem  türkmen gazynyň hiliniň pesliginden nägilelik bildiripdi.

Aşgabat bilen Tähranyň arasyndaky gaz konfliktiniň başynda eýran tarapynyň wekilleri Türkmenistany halkara arbitraž suduna bermek hakynda gaýta-gaýta haýbat atdylar .

Ýatladýarys, 2016-njy ýylyň aýagynda, “Türkmengaz” EMGK-dan $1,8 milliard dollar möçberindäki bergisini tölemegi talap edeninden soň,  Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda gaz dawasy turdy. Eýran metbugatynyň habar bermegine görä, uzaga çeken gepleşiklerden soň, taraplar özara ylalşyga geldi. Emma muňa garamazdan, Türkmenistan 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Eýrana iberýän gazyny kesdi.

Indi Türkmenistanyň ýeke-täk gaz alyjysy – Hytaý galdy. Ýogsam bolmanda Aşgabada TOPH proýektiniň we Trans-Hazar gaz geçirijisiniň wagzyny etmek örän möhüm bolup durýar. Halkara sanksiýalaryndan halas bolan Eýran bolsa, öz gezeginde, günbatarda Ýewropa, gündogarda Pakistana we Hindistana hem gaz ibermek niýetini ençeme gezek dile getirdi. Ýagny Eýran Türkmenistanyň gös-göni konkurentine öwrülýär we şol bir wagtda has amatly geografiki şertlerde ýerleşýär. Eýrana günbatara gaz akdyrmak üçin Kaspiniň düýbünden geçiriji gurmak gerek däl, gündogarda bolsa ol Pakistan bilen serhetleşýär, Aşgabadyňky ýaly, uruş-gowgaly Owganystanyň içinden geçiriji gurmak zerurlygy ýok.