EMGK-nyň başlygy TOPH-a şübhe bildirdi
Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (EMGK)başlygy TOPH-a şübhe bildirdi we türkmen gazyny Eýrana alyşmak üçin ibermegi teklip etdi
Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (EMGK) ýerine ýetiriji direktory Hamid Reza Araki TOPH gaz geçirijisi proýektiniň durmuşa geçiriljegine şübhe bildirdi. Ol Türkmenistanda Pakistana gaz ibermegiň gaz alyşmak usulyny teklip etdi. Bu barada 29-njy aprelde IRNA habar berdi.
Şeýle-de Araki gaz alyşmak arkaly gaz ibermegi gysga wagtda ýola goýup boljakdygyny belledi.
Araki şu aralykda, bäş gün ozal türkmen we eýran ekspertleriniň indiki aýda taraplaryň gaz dawasyndaky özara nägileliklerini we oňuşmazlyklaryny öwrenjekdiklerini aýtdy hem-de konfliktiň sud seljerişligine baryp ýetmezden çözülmegine umyt bildirdi.
Edil şol günlere golaý hem “Talyban” söweşijileriniň häkimiýetlere tabyn bolan we Hyrat welaýatynda, Owganystanyň günbatarynda ýaraşyk prosesine goşulan toparynyň ýaraglanyp, TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna garşy hereket etmek üçin Eýrandan görkezme alandygy mälim boldy.
Alyşmak arkaly gaz ibermek göni gaz ibermek mümkinçiligi bolmadyk halatynda, gaz alyş-çalyş etmek üçin ulanylýar. Eýran babatda aýdylanda, bu türkmen gazynyň başda Eýrana iberilmegini,Eýranyň bolsa şol möçberdäki öz gazyny Pakistana ibermegini aňladýar. Bu usul Türkmenistandan Eýranyň üsti bilen Pakistana tranzit gaz geçirijisini gurmak zerurlygyny aradan aýyrýar.
Öň hem Putin Owganystanda YD-nyň peýda bolandygy üçin TOPH-yň üstünlikli boljagyna şübhe bildiripdi.
Ýatladýarys, 2017-nji ýylyň noýabrynda Wladimir Putiniň Eýrana sapary mahalynda “Gazprom” bilen Eýranyň milli nebit kompaniýasynyň (NIOC) arasynda Eýrandan Pakistanyň üsti bilen Hindistana gaz geçiriji gurmagyň tehniki-ykdysady esaslaryny (TYE) taýýarlamak barada ylalaşyk gazanyldy.