Eýran we Pakistan,sebiti amanlykda saklajak bolýarlar
Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş erkhanasynyň serkerdesi admiral Mohammet Bageri we Eýran Yslam respublikasynyň ýokary derejeli harbylarynyň bir topary Pakistan goşunynyň serkerdesi general Gamar Jawidiň çakylygy bilen Yslamabada bardylar.
Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş erkhanasynyň serkerdesi admiral Mohammet Bageriň Yslamabad saparynda, taraplar ortak serhetlerdäki hyzmatdaşlyklary ösdürmek ,terrorizm bilen göreşmek,sebit we yslam dünýäsiniň özgerişlerini barlamak üçin birek birek bilen duşuşandyrlar.Eýran yslam respublikasynyň Pakistan bilen harby taýdan gatnaşyklary sebitde näçe sebäpli möhümdir.Eýran we Pakistanyň geografiýalyk orun mertebeleri we iki ýurduň bileleşikli serhetlerden paýly bolmagy,iki ýurduň serhetleriniň amanlygyny üpjün etmekde ,iki ýurduň hyzmatdaş bolmaklaryny zerur edip durandyr.Pakistan goşunynyň erkhanasynyň başlygy general Belal Akbar soňky wagtlrda Eýran yslam respublikasynyň goşunynyň baş serkerdesi admiral Seýet Abdolrahim Musawi bilen duşuşanda sebitde amanlygy üpjün etmek üçin,iki ýurduň hyzmatdaşlykda bolmagyny nygtady.ol Eýran bilen Pakistanyň goşunlary bir el bolup iki ýurde ýetjek her hili zyýanyň we 2 ýurda ýetjek her hili howpuň öňüni alyp biljekdirler diýip we parahatçylygyň we amanlygyň baýdagyny ýokarda saklap biljekdirler diýip beýan etdi.gorag ugurdaky hyzmatdaşlyklary pugtalandyrmak sebitiň amanlygyna täsir goýýandyr.bu hyzmatdaşlyklar her näçe artsa sebitdäki amanlyk güýçlenjekdir.Eýran yslam respublikasynyň we Pakistanyň ýokary derejeli harby serkerdeleri bu saparda möhüm meseleler hakda şol sanda ortak serhetler ,sebit we yslam dünýäsiniň meseleleri we kynçylyklary hakda maslahat geçirýändirler.bu meseleler hakda pikir etseň bu saparda Eýran yslam respublikasynyň we Pakistanyň ýokary derejeli harby serkerdeleriniň tarapyndan tutuljak tutumlaryň sebitiň we iki ýurduň serhetleriniň amanlygyna täsirli boljakdygyny aňsaň bolýandyr. Eýranyň ýaragly güýçleriniň baş erkhanasynyň serkerdesi admiral Mohammet Bageri Aziýanyň günorta ,günbataryň amanlygynyň goralmagy barada beren gürrüňlerinde ,Eýran yslam respublikasy howplar bilen garşylaşmakda möhüm borça eýedir we sebitde amanlygy üpjün etmek üçin iň ýagşy ýol sebit ýurtlaryň birek biregiň gudratlaryndan haýyrlanmaklarydyr diýip beýan etdi.