Ankara,Amerikaň, Eýrana garşy sanksiýany islemeýär
Türkiýäniň DIM-y soňky günlerde bir beýannama çykaryp ,Amerikanyň Eýrana garşy sanksiýalarynyň hemralyk edilmegi maksaty bilen Waşingtonyň ,Ankara berýän agramlaryna tankyt etdi.
Türkiýäniň DIM-yň şol beýannamasynda şeýlede ,Türkiýedäki degişli edaralar,bu ýurdy Eýranyň tersine bolýan sanksiýalaryň tersin eserlerinden daş saklamak ugurynda tagalla etýärler diýlip getirlendir.Türkiýäň döwleti şeýle bir ýagdaýda Eýranyň tersine bolýan sanksiýalara goşulmaklyk barada Amerikanyň bildirýän islegine tersin jogapy berendir welin,mundan ozal Amerika hem ençeme gaýtar Türkiýe döwletiniň bildirýän isleglerine tersin jogaby berendir.şu ýerlikde 2016-njy ýylyň iýul aýynda Türkiýede bolan döwlet agdarylşyk synanşmagynyň sebäpkärleriniň Türkiýä gowşurylmaklary barada Ankaraň döwletiniň bildirýän islegine Amerikaň beren tersin jogabyna yşarat edip bolýandyr.her halda ,Ankaraň resmileriniň Waşingtonyň sebit we dünýedäki syýasatlaryna garşydyklaryny we şol syýasatlara eýermejekdiklerini yglan etmekleri ilkinji gezek üçin däldir.Türkiýäň resmileri,Amerikaň Eýrana garşy sanksiýalaryny hemralyk etmejekdiklerini ençeme gaýtar nygtandyrlar.Ankara döwleti şeýlede,Eýran bilen saklaýan sowda gatnaşyklaryny Waşingtonyň islegi boýunça kesmejekdigini nygtandyr.Eýranlar hem ykdysady we sowda taýdan,hemde energiýa mätäçlikleriň üpjün edilmekleri taýdan,sebitde we Türkiýäniň goňşylygynda bir möhüm ýurtdyr.Eýran ,Türkiýäň uglewadarod energiýalara şol sanda çig nebit bilen tebigi gaza bolýan mätäçliklerini üpjün etýän asly ýurtlaryň birisi hasaba gelýändir.şu ýerlikde ýakyn gündogar taryhynyň italýan bilermeni we gündogar tanyjy Masimo Kompanini,Amerikaň prezidenti Donald Trampyň döwletiniň Eýrana garşy syýasatlaryna yşarat edip,Amerikaň onuň Ýewropaly ýaranlarynyň orta gündogardaky syýasatlary kabul edilmeýän syýasatdyr we Sionist režim bilen Saud Arabystanyň bähbidine bolup sebitde durnuksyzlyk bolmagyna baryp çatýandyr we soňda Türkiýe bilen Ýewropa bileleşiginiň zyýanyna boljakdyr diýendir.şeýle halda Türkiýe döwletiň resmileri soňky ýyllaryň boýunda,hemişe Eýran bilen Amerikaň gatnaşyklary bilen baglanşykda araçy roly oýnamak ugurynda tagalla etendirler.şonuň üçin hem Türkiýe,Amerikaň Eýrana garşy bir taraplaýyn sanksiýalaryna ylalaşyk bildirmeýär.Eýran bilen Türkiýäň gatnaşyklarynyň taryhyna ser edilmegi bilen,Tähran,Ankaraň hemişe bir birileri bilen gowy gatnaşyklary saklandyklaryna we kesekileriň hasda agalyk etmegi isleýän Amerikaň döwletiniň täsirleri astynda bolmaklaryny görmek bolýandyr .