Amerikanyň, Eýrana garşy duşmançylygy dowam etýär
Amerika, Eýran bilen gazanylan ýadro ylalaşygyndan çykandan soň ,Eýrana garşy dürli jähetlerden gysyş bermegi we şol gysyşlary güýçelendirmegi öz gün tertibinde goýup durandyr.
Amerika ,Eýrana garşy dürli jähetlerden gysyş berýär we şol gysyşlary güýçelendirmegi öz gün tertibinde goýup durandyr. Amerikanyň prezidenti 2018-njy ýylyň maý aýynyň 8-ynde , Eýrana garşy puç we esassyz aýyplamalary ýapyp ,Amerikanyň BARJAM ylalaşygyndan çykandan soň Eýrana garşy oň ýöredilen sanksiýalary ýene ýöretjek diýip yglan etdi.Amerikanyň Eýrana garşy bolan sanksiýalarynyň deslapky döwüri 2018-njy ýylyň awgust aýynyň 7-synde amala aşyrylyp başlandy.Amerikanyň bu hereketi bolsa halkara meýdanda giňden ýazgaryldy.Amerikanyň Eýrana garşy bolan sanksiýalarynyň 2-njy döwüri ,Eýranyň nebit eksportyny nyşana alandyr.bu sanksiýalar 2018-njy ýylyň noýabr aýynyň 4-yndan amala aşyrylyp başlanandyr.Amerika durmuşda Eýrana garşy bolan ýadrolyk sanksiýalary 2-njy döwürini amala aşyrmakdan maksaty,Eýranyň nebit eksportynyň öňüni aljak bolýandyr.Amerika iň soňda Eýranyň ykdysadyýetini dargatjak bolýandyr.Amerika durmuşda Eýran bilen giňden ykdysady uruşa girişip durandyr.şu baryşda Amerikanyň DIM-y Maýk Pompeo ,Amerikanyň daşary işler ministrliginiň Eýrana garşy bolýan tagallalary sazlaşdyrmak üçin ýörite bir iş topary gurandygynyň habaryny berdi.Amerikanyň DIM-ynyň aýtmagyna görä bu iş toparynyň ýolbaşçysy Amerikaň daşary işler ministrliginiň syýasatyny düzleşdirýän gullugynyň başlygy Braýan Hokdyr. Braýan Hok ,Trampyň BARJAM ylalaşygyndan çykmagyndan soň ,bu ylalaşygyny ýöretmek üçin Ýewropa bileleşiginiň resmileri bilen maslahatlary geçiren şahsyýetdyr.Amerikanyň DIM-ynyň resmisi Braýan Hok ,Waşington sanksiýalarynyň Tähranyň garşysynda ähli jähetli bir strategiýany alyp gitjekdir diýip yglan edendir.bu topar,halkara meýdanda Eýranyň boluşlaryny we pazisiýasyny üýtgetmek ugurda tagalla etjekdir. Braýan Hok eger Eýran öz boluşlaryny düýpli özgörtse Eýran bilen maslahata girişip bolar diýip toslandyr.Amerikanyň daşary işler ministrligi bu iş topary gurup başgalary Eýrana gysyşy bermekde Waşington bilen hemra etmekde tagalla edip durandyr.şu baryşda Amerika ,Eýranyň ýadrolyk işleriniň we raketa programmasynyň kämil ýatyrylmagyny we Eýranyň sebitleýyn we halkara syýasatyny üýtgetmeginiň yzyndadyr,emma belli boluşyndan Amerikaň bu isleglerini jahanyň ýurtlary kabul etýän däldirler.durmuşda Amerika başgalary zor bilen özüne hemra etjek bolýandyr.ABŞ durmuşda Eýranyň nebit eksportyny nola ýetirjek bolýandyr ,emma Türkiýe we Hytaý ýaly ýurtlar Eýranyň nebitini aljak diýändirler .