Pakistanyň täze premýer-ministri TOPH-a şübhelenýär
Pakistanyň täze premýer-ministri Imran Han TOPH-a şübhelenip, Eýrandan geçiriji gurmaga gyzyklanýar
Pakistanyň hökümetiniň bir hepde ozal saýlanan täze baştutany Imran Han Eýran bilen ysnyşykly gatnaşyklary, şol sanda gaz meselesindäki hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýär diýip, Iran Front Page” neşiri habar berýär. Imran Hanyň sözlerine görä, bililikdäki esasy taslamalaryň biri Eýran-Pakistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň dikeldilmegi bolar.
Neşiriň ýazmagyna görä, Eýran-Pakistan-Hindistan gaz geçiriji proýekti baryp 90-njy ýyllarda işlenip düzülmäge başlandy. Emma, TOPH-y öňe sürýän ABŞ-nyň basyşy zerarly, ol şu wagta çenli durmuşa geçirilmedi.
Eýran bu geçirijiniň özüne degişli we Pakistanyň serhedine çenli bölegini bireýýäm gurup, eger-de Yslamabat öz territoriýasyndaky geçirijiniň gurluşygyny tamamlasa, gaz ibermäge taýýar boldy.
Imran Han TOPH hakynda gürrüň edip, eger bu geçiriji gurulsa-da, gazyň hasaplanan möçberi Pakistana ýeterlik bolmaz we ol ýa-da beýleki ýagdaýda eýran gazyny impoert etmek zerur bolar.
Owganystanda YD-nyň peýda bolandygy üçin Putin TOPH-yň üstünlikli boljagyna şübhe bildirýär. Putiniň pikirine görä, ýagdaýy agyrlaşdyrýan we seresap bolmaga itekleýän element Owganystanda “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileriniň peýda bolmagy we eýýäm, “Talyban” bilen gapma-garşy durmaga başlamagy.
Türkmenistan TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindisatan) gaz geçirijisiniň 2020-nji ýylda işe giriziljekdigini yglan etdi. Bu barada şu ýylyň 24-nji maýynda, “Awazada” geçen gaz kongresinde aýdyldy.
Gaz geçirijiniň 214 kilometrlik türkmen uçastogynyň gurluşygy 2018-nji ýylyň aýagyna tamam bolar.
Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygyna 2015-nji ýylyň dekabr aýynda badalga berildi. Uzynlygy 1840 kilometre ýetiriljek gaz geçiriji doly ulanmaga berlenden soň, ýylda 33 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny akdyrmaga mümkinçilik dörär.