Siriýa hakda ,Soçy ylalaşygy
https://parstoday.ir/tk/news/uncategorised-i3835-siriýa_hakda_soçy_ylalaşygy
Orsýet we Türkiýäň başlyklarynyň soňky wagtlarda Tähranda geçiren oturşyklaryndan soň Moskwa bilen Ankaraň Edleb welaýaty barada bolan Soçy ylalaşygy ,Eýranyň tarapyndan garşy alyndy.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Sep 21, 2018 10:24 Asia/Ashgabat
  • Siriýa hakda ,Soçy ylalaşygy

Orsýet we Türkiýäň başlyklarynyň soňky wagtlarda Tähranda geçiren oturşyklaryndan soň Moskwa bilen Ankaraň Edleb welaýaty barada bolan Soçy ylalaşygy ,Eýranyň tarapyndan garşy alyndy.

Siriýa topragynyň terrorçylardan doly arassalanylmagy,Damask döwletiniň asly maksatydyr we şu arada ,dürli ýollara üns berilýändir emma şu ýerlikde diplomasy işler hem roly oýnaýandyrlar.Siriýanyň demirgazyk günbatarynda ýerleşen Edlep welaýatynda ,terrorçylaryň we döwlete garşy ýaragly toparlaryň huzurly bolýandyklary babatly ,parahat ilatyň janlarynyň goralmaklary,Siriýada terrorçylaryň soňky mekany bolýan Edleb welaýatynyň terrorçylardan arassalanmagy uguryndaky operasiýanyň ähmiýetini iki esse etýändir.bu mesele bolsa Eýran-Orsýet we Türkiýäň prezidentleriniň  Tähranda geçiren oturyşyklarynda üns berilýändir.soçy şäherinde geçirlen maslahatda parahat ilatyň janlarynyň goralmaklary üçin Edlebde harby operasiýalar bolmany eýsem bu welaýatda bir parahat sebitiň döredilmegi we ilatyň şol sebite geçmeklerine şert döredilmegi ugurynda ylalaşdylar.şonuň üçin hem Eýran wekiliniň gatnaşman ýerinde geçirlen soçy ylalaşygy,Tähranyň tarapyndan garşy alyndy.Edleb welaýatynda ekstremistleriň we terrorçylaryň huzurlaryna soň berilmegi,Siriýäň kanuny döwletiniň öz toprak bitöwligini goramak uguryndaky möhüm islegidir.bu mohumyň ödelmegi bolsa,parahat ilata ziýan ýetişmäni,diplomasyň täsir galdyryjy bolmagynyň dowam edilmegi höküminde Astana gepleşiklerini kepil geçýän Eýran-Orsýet we Türkiýäniň islegidir.şu çarçubda Eýranyň daşary işler ministri Mohammed Jawad Zarif,Soçy ylalaşygyna gaýtawul bermekde ,ony ,Ankara bilen Damaskda geçiren geňeşleriniň we Tähran oturşygynyň dowamy bilip.bu aktiw diplomasy Edlebde uruş bolmagynyň öňüne geçmegine baryp çatýar diýdi.Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gasemi hem,Türkiýe bilen Orsýetiň Soçy maslahatynda bolan ylalaşygyny garşy alyp,Orsýet bilen Türkiýäň başlyklarynyň oturyşygy we Edleb meselesiniň nähili çözülmegi barada bolan ylalaşyk,Siriýada galan gaçan terrorçylaryň ýok edilmekleri ýolynda ardylan esasy gadamdyr diýdi.Eýranyň BMG-syndaky wekili Golamaly Hoşruw hem,Soçy ylalaşygy,Astana gepleşiklerine häkim bolan usully çözgüt ýoldyr we şonuň esasynda terrorçylara garşy göreşilmegi dowam etýär emma parahat ilatyň janlarynyň goralmaklary ugurynda gerekli bolýan tagallalar edilmelidir diýdi.bu zatlar bolsa Eýranyň ,Edleb welaýatynyň terrorçylardan arassalanmagynda parahat ilatyň janlarynyň goralmaklaryna gaty ähmiýet berýändigini şonuň üçin hem Soçy ylalaşygyny garşy alandygyny görkezýändir.