Eýran , Russiýa we Hytaýyň bilelikde geçiren türgenleşigi.
https://parstoday.ir/tk/news/uncategorised-i6669-eýran_russiýa_we_hytaýyň_bilelikde_geçiren_türgenleşigi.
Eýran , Russiýa we Hytaý , Hind ommanyň demir gazygy bilen Omman deňizinde bilelikde türgenleşik geçirmekleri , sebit aşa ýurtlaryň bolan ýagdaýlarynda bir hilli sebitleýin hyzmatdaşlyklaryň bolmagydyr.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Jan 01, 2020 19:14 Asia/Ashgabat
  • رزمایش
    رزمایش

Eýran , Russiýa we Hytaý , Hind ommanyň demir gazygy bilen Omman deňizinde bilelikde türgenleşik geçirmekleri , sebit aşa ýurtlaryň bolan ýagdaýlarynda bir hilli sebitleýin hyzmatdaşlyklaryň bolmagydyr.

Eýran , Russiýa we Hytaý , Hind ommanyň demir gazygy bilen Omman deňizinde bilelikde türgenleşik geçirmekleri , sebit aşa ýurtlaryň bolan ýagdaýlarynda bir hilli sebitleýin hyzmatdaşlyklaryň bolmagydyr.

Eýran , Russiýa we Hytaýyň  Hind  ommanyň demir gazygy bilen Omman deňizinde 4 günlik deňiz türgenleşigi , kynçylyklaryň çözülmekleri üçin sebitleýin işlere üns berilmeginiň we sebit ýurtlaryň etýän hyzmatdaşlyklarynyň netijeli bolmagynyň nyşanasydyr. Dünýäniň durly sebitlerinde halk ara suwlarda  azat suwlaň bolmagy we gämileriň azatlykda gelim gidim etmekleriniň kepil geçilmegi ugurunda tagalla edilmegi , şol sebitdäki ýurtlaryň hyzmatdaşlyklary bilen mümkin bolýandyr we sebit aşa ýurtlaryň huzurlarynyň , dartgynlylykdan başga netijesi boljak däldir.Sebit ýurtlar arkaly sebitiň howpsyzlygynyň berkarar bolmagy hemişe ýurtlaryň ünslerinde bolandyr we şu arada Omman deňizi , pars aýlagy we Hind ommanyň demir gazygyndaky sebitlerinde hemişelik howpsyzlygyň berkarar bolmagy , bu sebitleriň  halk ara söwda işlerde hem rol oýnap , dünýäň energiýasynyň suw ýoly bolýandyklary babatly öňkilerdende köpräk ähmiýetli bolýandyr. Eýran , Russiýa we Hytaýyň bilelikde türgenleşik geçirmekleri ýaly sebitleýin hyzmatdaşlyklar ülňisinden haýyrlanylmagy , Omman deňizi , pars aýlagy we Hind ommanyň demir gazygy ýaly strategik sebitde deňizleriň howpsyzlyklarynyň hemişelik üçin kepil geçilmekleriniň gowy mysalydyr. Ýurtlaryň bilelikdäki aladalary ykdysady we syýasy bähbitler , sebitleýin hyzmatdaşlyklaryň täsirli ýöritelikleri bilen tanyş bolmak we sebitde hemişelik howpsyzlygyň berkarar bolmagy üçin  , töweregi anyk tanamak , Eýran , Russiýa we Hytaýyň bilelikde geçirýän deňiz türgenleşiginiň ähmiýetini we onyň berýän sargydyny artdyrandyr. Şu ýerlikde Eýran Yslam   Respublikasynyň goşununyň deňiz güýçiniň serkerdesi admiral Hoseýn Hanzadi , düýn beren gürrüňlerinde , Eýran,Russiýa we Hytaýyň bilelikdäki deňiz türgenleşigi Hind ommanynda geçirilýär. Onyň maksady bolsa sebitiň ykdysady , syýasy , sosial , goranyş we howpsyzlyk taýdan birek-birege köpräk ýakyn bolýan ýurtlaryň howpsyzlyklarynyň berkidilmegidir diýdi. Deňiz garakçylygy we halk ara möhüm suwlarda ýangyçyň gaçak edilmegi , halk ara deňizlerden söwda edilmegi we energiýaň azatlykda geçirilmegi ugurunda ýurtlaryň aladalaryndan we kynçylyklaryndan bolýandyr. Bu kynçylyklaryň çözülmekleri bolsa bir taraplaýyn syýasatlar bilen bolýan däldir. Eýran Yslam Respublikasy , Russiýa we Hytaýyň , bir taraplaýyn işlere garşy bolýan 3 gudratly ýurt höküminde , hemişelik howpsyzlygyň berkarar bolmagyny sebit ýurtlaryň hyzmatdaşlyklaryna bagly bilýändirler we olaryň ýiti sebitde bilelikde deňiz türgenleşigi geçirmekleri şu çarçuwada bolýandyr. Hytaýyň "Global Times " gazatasy, şu ýerlikde beren habarynda , Eýran , Hytaý we Russiýanyň Omman deňizi bilen Hind Ommanynyň demir gazygynda bilelikde türgenleşik geçirmekleri , dünýä örisindäki durly meselelere bir taraplaýyn ser etýän Amerika üçin duýduryşdyr diýip ýazdy. Ýygnakda aýdar bolsak , Eýran , Russiýa we Hytaýyň Omman deňizi bilen Hind Ommanyň demir gazygynda bilelikde türgenleşik geçirmekleriniň asly maksady , bir taraplaýyn syýasatlaryň ret edilmekleri we sebit ýurtlaryň hyzmatdaşlyklarynyň gereklidiginiň nygtalmagy we ýaraş , howpsyzlyk we hoş niýetliliginiň sargyt berilmegidir.