Eýdol-haşd atly uly paradyň sargydy
Düýn (26-njy iýunda) Haşdol-şabi guramanyň döredilmeginiň ýedinji ýyllygy mynasybetli geçirilen " Eýdol-haşd atly Haşdol-şabi guramanyň uly ýörişinde birnäçe sargyt bardy.
Yragyň halk güýçleri ýa-da şol Haşdol-şabi guramasy 2014-nji ýylyň iýun aýynda Yrakda Aýatolla Sistaniniň fatwasy bilen döredildi. Maksady Daeş terrorçylygyna garşy göreşmek we Yragyň geografiýasyny we territorial bitewiligini goramakdy. Şonuň üçin meşhur Haşdol-şabi guramasy dini we milli esasda döredildi. Haşdol-şabi Daeş terrorçylygyna garşy göreşde möhüm rol oýnady. Bu möhüm roly göz öňünde tutup, Yragyň öňki premýer-ministri Haýdar al-Abadi Daeşe garşy söweşiň soňky aýlary bolan 2016-njy ýylyň 24-nji fewralynda hökümet karary bilen Haşdol-şabini Yrak ýaragly güýçleriniň gönüden-göni ýolbaşçylygy astynda garaşsyz gurama diýip yglan etdi.
2016 -njy ýylyň 26-njy noýabrynda halk Haşdol-şabini goldaýan syýasy akymlar, sesleriň köplügi bilen parlamentdäki " Haşdol-şabi kanunyny" tassyklady we bu harby guramanyň Yrak kanunlarynyň çäginde guramagyny dowam etdirdi. Bu kanun güýje girenden soň, iş ýüzünde bu gurama Yragyň kanuny howpsuzlyk guramasyna öwrüldi we býudjetde agzalary üçin kanuny ugur kesgitlenildi.
Haşdol-şabi Yrakda resmi harby güýç bolsa-da, içerki we daşary ýurtly güýçler ol bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Haşdol-şabi guramasyna garşy çykmagyň sebäbi, ABŞ-nyň Yragyň içerki işlerine gatyşmagy bilen bu guramanyň nägileligi bolýandyr. Bu garşylyklary, şeýle Haşdol-şabiň ideologiki esasyny göz öňünde tutup, Diýala welaýatynda geçirilen bu guramanyň düýnki parady diýseň möhüm we birnäçe sargydy bardyr.
Bu paradyň ilkinji sargydy Haşdol-şabi guramasynyň söweş we harby ukybydyr. Düýnki parad dünýä goşunlarynyň parady ýaly ýörite tertipde geçirildi we şol bir wagtyň özünde Haşdol-şabi güýçleri ýokary taýýarlyklaryny görkezdiler.
Haşdol-şabiň ýene bir möhüm habary Mustafa Al-Kazeminiň bolmagy we çykyşlary bilen baglanyşyklydyr. Düýnli ýörişe Yragyň premýer-ministri Içeri işler we Goranmak ministrleri gatnaşdy. "Düýnki paradda al-Kazemi Haşdol-şabi güýçleriniň takfiri Daeş terrorçylygyny ýeňip we ýok edip bilendigini aýtdy.