Galibaf: Palestina goldaw bermek Mukaddes Kuds azat edilýänçä dowam eder
(last modified Mon, 09 Aug 2021 13:04:46 GMT )
Aug 09, 2021 18:04 Asia/Ashgabat
  • Galibaf: Palestina goldaw bermek Mukaddes Kuds azat edilýänçä dowam eder

Eýranyň parlament başlygy, Eýran Yslam Respublikasynyň Mukaddes Kudsyň azat edilýän zamanyna çenli Palestina halkynyň we çydam okunuň alyp barýan göreşlerinden arka çykjakdygyny aýtdy.

Eýranyň mejlis başlygy Muhammet Bager Galibaf duşenbe güni Palestina Yslam Jihad Hereketiniň baş sekretary Ziad al-Nakhaleh bilen duşuşyp, palestina halkyny Kudsy basyp alyjy režim bilen soňky 12 günlük söweşde ýeňişleri bilen gutlamak bilen Palestina söweşijileriniň, esasanam Yslam jyhadynyň söweşijileriniň bu möhüm üstünligi, palestina halkynyň agzybirligini we jebisligini görkezýär diýdi.

Galibaf sözüniň dowamynda basyp alyjy sionist režim beýle ýeňlişi göz öňüne getirip bilmedi we Palestina halkynyň gahrymançylykly garşylygy olar üçin gaty agyrdy diýip beýan etdi.

Eýranyň mejlis başlygy şeýle-de Palestina halkynyň, Yslam Jihady we garşylyk okynyň üstünlikleri we ýeňişleri, agzybirligiň we Gudratygüýçli Allaha bil baglamagyň kölegesinde gazanyldy diýdi.

Galibaf, Eýran Yslam Respublikasynyň palestina halkynyň we garşylyk okynyň alyp barýan göreşlerini goldaýandygyny nygtap şeýle diýdi: Yslam şura mejlisi palestinaly toparlaryň we hereketleriň arasynda agzybirlige we raýdaşlyga alyp barýan islendik çemeleşmäni goldaýar.

Palestina Yslam Jihadynyň baş sekretary Ziad Nakhaleh, rewolýusiýanyň ýolbaşçysynyň, Eýranyň halkynyň we jogapkärleriniň ezilen palestina halky üçin berýän goldawyna yşarat edip şeýle diýdi: Palestina halky ezilenleriň goldaw baýdagyny galdyrýandygy babatly Eýran Yslam Respublikasynyň berk eradasyna buýsanýandygyny aýtdy.