Arabystan bilen Birleşen Arap Emirlikleri ýemeni ikä bölmegiň yzyndadyrlar
Ýmeniň milli çykalga döwletiniň premýer ministri Abdulaziz Bin Habtur düýn Liwanyň Al-Maýadin tele ýaýlymy bilen geçiren söhbetdeşliginde Arabystan bilen Birleşen Arap Emirlikleri Ýemeni ikä bölüp ony öz çägine goşjak bolup tagalla edýändiklerini aýtdy.
Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä Arabystan ýemeniň demirgazygyna we Birleşen Arap Emirlikleri hem Ýemeniň günortasyna göz garaltýandyrlar diýip Ýmeniň milli çykalga döwletiniň premýer ministri Abdulaziz Bin Habtur nygtady.
Ýmeniň milli çykalga döwletiniň premýer ministri Abdulaziz Bin Habtur şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň başsekretarynyň Ýemene iberen ýörite wekili Ismaeil Wold Şyh Ahmad hem ýemen barada özünden hiü hili strategiýany ileri süren däldir we diňe Ýemene hüjüm edenleriň aýdanyny edýändir diýip sözüne goşdy.