Al-Aksa tupan operasiýasynyň harby we aňtaw taraplary
(last modified Sun, 08 Oct 2023 13:49:33 GMT )
Oct 08, 2023 18:49 Asia/Ashgabat
  • Al-Aksa tupan operasiýasynyň harby we aňtaw taraplary

Palestinanyň çydam toparlary, 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda sionist režimine garşy Al-Aksa tupan operasiýasyna başlady.

Gaza zolagynda ýerleşýän Palestinanyň çydam toparlary, şol sanda Hamas hereketi, beýleki palestinaly hereketler, esasanam Palestina Yslam Jihad hereketi bilen hemralykda 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda sionist režimine garşy Al-Aksa tupan operasiýasyna başlady. Bu operasiýa sionistlere uly zarba höküminde boldy.

Palestinayň çydam toparlary tarapyndan şenbe güni geçirilen operasiýa öň görlüp-eşidilmäpdi, onda ulanylan aňtaw, harby we taktiki usullar, şeýle hem bu operasiýada ulanylan käbir harby enjamlar we ýaraglar çydam toparlaryň öňki söweşlerinden düýpgöter tapawutlanýar. Palestina toparlarynyň bu operasiýada sarp eden edermenligi we döredijiligi bu front üçin täze mümkinçilikleri we Sionistleriň  gowşak taraplaryny açdy. Palestinanyň çydam toparlarynyň hüjümleri gury ýer, howa we deňiz ölçeglerinde amala aşyryldy. Bu hüjümde Sionist režimiň 50 harby bazasy we Gazanyň töweregindäki Sionist şäherçeleri nyşana alyndy. Sionist Režimiň Saglygy goraýyş ministrliginiň habaryna görä 350 sionist öldürildi, 1864 adam ýaralandy we 750 adam dereksiz ýitdi.

Bu operasiýanyň möhüm aýratynlyklaryndan biri, garaşylmadyk prinsipiň doly berjaý edilmegi boldy ,Munuň nyşany, Sionist goşunynyň palestinaly söweşijilere garşy durmaga taýyn däldigi boldy . Aslynda, Ysraýylyň käbir barlag nokatlaryndan we bazalaryndan ýaýradylan wideo we kliplerde sionist režimiň esgerleriniň geň galyp ölendikleri mälim bolýar. Amerikanyň "Brookings" piker sorag merkeziniň Günbatar Aziýa bölüminiň müdiri "Natan Saks" Palestina Yslam çydam Hereketiniň (Hamasyň) harby topary Izeddin al Kassamyň taýýarlygynyň geň galdyryjydygyny aýtdy. Saks şeýle-de "Şenbe güni irden Hamasyň Ysraýyla eden ägirt uly garaşylmadyk hüjüminde Hamasyň onlarça söweşçisiniň Gazadan atylan müňlerçe raketanyň örtügi bilen Ysraýylyň şäherlerine we obalaryna aralaşandygyny aýtdy.  Amerikan Wall Street žurnaly öz makalasynda Hamasyň Ysraýyla guran hüjümlerini "uly garaşylmadyk zat" diýip atlandyrdy we muny Sionist režimiň goşuny we aňtaw gulluklary üçin taryhy ýeňliş diýip häsiýetlendirdi. Waşingtondaky ýakyn Gündogar institutynyň piker soranşyk merkeziniň uly işgäri Braýan Katulis,Ysraýyla  Şeýle uly taryhy şowsuzlygy kabul etmek kyn diýip aýtdy.