Yslam ýurtlarynyň Palestina halkyny goramak üçin amaly hereketleriniň zerurlygy
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i23650-yslam_ýurtlarynyň_palestina_halkyny_goramak_üçin_amaly_hereketleriniň_zerurlygy
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Saud Arabystanynyň Riýad şäherinde arap we yslam döwlet baştutanlarynyň gyssagly ýygnagynda eden çykyşynda Gazadaky söweş barada ,Häzirki wagtda Gaza meselesiniň hormat bilen şerçilik okunyň arasyndaky gapma-garşylykdygyny nygtady.
(last modified 2023-11-11T16:20:44+00:00 )
Nov 11, 2023 21:20 Asia/Ashgabat
  • Yslam ýurtlarynyň Palestina halkyny goramak üçin amaly hereketleriniň zerurlygy

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Saud Arabystanynyň Riýad şäherinde arap we yslam döwlet baştutanlarynyň gyssagly ýygnagynda eden çykyşynda Gazadaky söweş barada ,Häzirki wagtda Gaza meselesiniň hormat bilen şerçilik okunyň arasyndaky gapma-garşylykdygyny nygtady.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Saud Arabystanynyň Riýad şäherinde arap we yslam döwlet baştutanlarynyň gyssagly ýygnagynda eden çykyşynda Gazadaky söweş barada ,Häzirki wagtda Gaza meselesiniň hormat bilen şerçilik okunyň arasyndaky gapma-garşylykdygyny we her kim haýsy tarapa degişlidigini kesgitlemeli diýip nygtady.

Düýin Riýadda arap we yslam döwlet baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda Palestinnany goramak we Sionist režimiň jenaýatlaryny ýazgarmak üçin gyssagly ýygnagy geçirildi.

Bu duşuşykda Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisi Palestina meselesi üçin "Gazanyň halkynyň öldürilmegini togtatmak", "gabawy düýbünden aýyrmak we geçelgeleri açmak ýaly meseleleri teklip edip , Sionist goşunyny Yslam hökümetleri tarapyndan terrorist diýip atlandyrmagyny isledi.

Sionist režimiň jenaýatlaryny derňemek üçin kazyýet döretmek we bu režimiň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işgärlerini bu jenaýatlara gatnaşandygy üçin jogapkärçilige çekmek," Gazanyň durkuny täzelemek üçin fond döretmek "," Palestina halkyna gumanitar kerwen ibermek ", Gazadaky genosidi , adamzada garşy jenaýat diýip atlandyrmak we palestina halkyny goramak, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň gyssagly teklip eden meselesiniň beýleki  çözgütleridir.

Arap we yslam ýurtlarynyň baştutanlarynyň gyssagly ýygnagy Sionist režimiň palestina halkyna garşy eden jenaýatlarynyň agyrlygy we dünýä jemgyýetçiliginiň, esasanam yslam ýurtlarynyň soňky wakalara duýgurlygynyň ýokarlanmagy sebäpli Riýadda geçirildi.  

Hamasyň Al-Aksa tupanyny diýen täsin operasiýasyndan soň, Sionist basyp alyjy režimi ABŞ-nyň ähli taraplaýyn harby we syýasy goldawy bilen Gaza zolagyna köpçülikleýin hüjümleri amala aşyryp , ýaşaýyş, lukmançylyk, we bilim merkezleri dargatdy.

BMG-nyň ýaşaýyş jaý meseleleri boýunça ýörite hasabatçysy Balakrişnan Rajagupal, Gaza zolagyndaky umumy ýaşaýyş jaýlarynyň 45% -iniň ýok edilmegine ýa-da zaýalanmagyna ünsi çekip,Gazadaky öýleriň we raýat infrastrukturasynyň hemmetaraplaýyn we yzygiderli ýok edilmegi uruş jenaýaty we adamzada garşy jenaýatdir diýdi..