Riýad: Sebitdäki durnuklylygy üpjün etmek üçin Eýran bilen hyzmatdaşlyk edýäris
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i23790-riýad_sebitdäki_durnuklylygy_üpjün_etmek_üçin_eýran_bilen_hyzmatdaşlyk_edýäris
Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary sebitde durnuklylygy üpjün etmek üçin Eýran bilen hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigini aýtdy.
(last modified 2023-11-25T05:53:01+00:00 )
Nov 25, 2023 10:53 Asia/Ashgabat
  • Riýad: Sebitdäki durnuklylygy üpjün etmek üçin Eýran bilen hyzmatdaşlyk edýäris

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary sebitde durnuklylygy üpjün etmek üçin Eýran bilen hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigini aýtdy.

Al Jazeera-nyň şenbe güni beren habaryna görä, Saud Arabystanynyň daşary işler ministriniň orunbasary "Ali Al-Ýusuf" Manamanyň howpsuzlyk ýygnagynda: Biz Eýran bilen sebitde durnuklylygy üpjün etmek üçin işleýäris diýdi.

Şeýle hem Al-Ýusuf Gazada haýal etmän ot açyşlygyň we palestinaly raýatlaryň öldürilmeginiň bes edilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Bu habara görä, "Manama Dialogue" ady bilen tanalýan 19-njy Manama howpsuzlyk ýygnagy häzirki wagtda Bahreýniň paýtagtynda geçirilýär.