Gaza Sektoryndaky Sionistleriň jenaýatlary
(last modified Mon, 08 Jan 2024 15:49:49 GMT )
Jan 08, 2024 20:49 Asia/Ashgabat
  •  Gaza Sektoryndaky Sionistleriň jenaýatlary

“Gaza Sektorynda 108 Žurnalist Öýlerine Atylan Bombalar Sebäpli Öldürildi”

Prezident Petro, “Gaza Sektorynda 108 žurnalist öýlerine atylan bombalar sebäpli öldürildi” diýdi.

Kolumbiýanyň Prezidenti Gustawo Petro, Ysraýyl Režimiň hüjümleri sebäpli pida bolan žurnalistler hakynda beren beýannamasynda “Gaza Sektorynda 108 žurnalist öýlerine atylan bombalar sebäpli öldürildi” diýdi.

Petro, sosial mediadan beren habarnamasynda, Ysraýylyň Gaza Sektoryna guraýan hüjümlerinde şehit bolan Mustafa Süreýýa bilen Hamza ad Dahduhyň foto suratlaryna ýer berdi.

Prezident Petro, “Gaza Sektorynda 108 žurnalist öýlerine atylan bombalar sebäpli öldürildi” diýdi.

Ysraýylyň harby uçarlarynyň 7-nji ýanwarda Han Ýunus şäherinde guran hüjüminde žurnalistlar Hamza ad Dahduh bilen Mustafa Süreýýa şehit bolupdy.

Gazadaky hökümet tarapyndan berlen beýannamada, Ysraýylyň hüjümleri sebäpli 7-nji oktýabrdan bäri Gazada 109 žurnalistiň öldürlendigi nygtaldy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş sekretary Tedros Adhonam Gebreýesusyň beýan etmegine görä Ysraýylyň gabawy adam pidasynyň artmagyna sebäp bolar.

Gurama 7-nji oktýabrdan bäri dowam edýän Gaza söweşiniň soňky 12 gününde Gaza Sektorunyň demirgazygy bilen gatnaşygynyň ýokdugyny beýan etdi.

BSGG duşenbe gijesi X platformasyndan beren habarnamasynda, Al-Awda hassahanasyna berilmegi meýilleşdirilen tabşyrygyň dördünji gezek bes edilendigini habar berdi.

Ysraýylyň agyr bombardymany, çäkli hereket we kesilen aragatnaşyk esasanda demirgazykda ýapylan kenarýaka zolagyna lukmançylyk enjamlarynyň ýetirilmegini tas dolulygyna bökdeýär.

BMG saglygy goraýyş gullukçylarynyň Gaza Sektorynyň demirgazygyna ugradylmagy sebäpli hassahanalarda işgär ýetmezçiliginiň bardygyny hem beýan etdi.

Gebreýesus hem X arkaly beren habarnamasynda, Gaza Sektorynyň demirgazygyna howpsuz we bökdençsiz barmagyň gyssagly ýola goýulmagyny talap edip; “Artykmaç gijä galmak köp sanly adamyň ölmegine sebäp bolar” diýdi.

Ysraýylyň goşuny howadan we deňizden guran hüjümleri bilen Gazadaky Al-Megazi bosgun düşelgesinde ýerleşýän UNRWA degişli mekdepleriň birini nyşana aldy. Hüjümde azyndan 4 palestinaly şehit boldy, ençeme adam hem ýaralandy. 

Ysraýylyň harby uçarlary Gaza sektorynyň günortasyndaky Han Ýunus şäherinde hem Ysraýylyň hüjümlerinden gaçan palestinalylaryň sygynan öýleriň birine hüjüm gurady. 

Hüjümde aglabasy çaga bolan azyndan 12 palestinaly şehit boldy, 50 adam hem ýaralandy. 

Ysraýylly esgerleriň Jenin şäherine uçarmansyz howa ulagy bilen guran hüjümidne 4-si şol bir maşgaladan bolan 6 palestinaly şehit boldy.