Jun 18, 2024 15:09 Asia/Ashgabat
  • Sionist režimiň Gaza zolagynyň dürli ýerlerine gury ýer we howa hüjümleriniň dowamy

Sionist režimiň Palestiniň dürli sebitlerine, esasanam Gaza zolagyna gury ýer we howa hüjümleri dowam edýär.

Mehr habar gullugynyň habaryna görä, sionist režimiň söweşijileri Gaza zolagynyň merkezinde  Nusirat düşelgesindäki ýaşaýyş ýerlerini bombalady, bu ýerde azyndan 10 palestinaly öldi we başga-da birnäçe adam ýaralandy.

Sionist esgerler Rafah şäheriniň günbataryndaky "Al-Tal Al-Soltan" mähellesinde birnäçe binany ýykdylar.

"Al Jazeera" teleýaýlymynyň habarçysy sionist güýçleriň Tulkaremyň gündogaryndaky "Kafr al-Labad" sebitine eden hüjümi we bu sebitde agressiwler bilen Palestina raýatlarynyň arasynda konfliktiň ýüze çykandygy barada habar berdi.

Sionist güýçler şeýle-de Al-Haliliň demirgazygyndaky Beýt Amrda ýerleşýän "Al-Zahr" sebitine birnäçe gezek hüjüm etdiler.

Sionist hüjümçi esgerler, Al-Arabi keselhanasynyň golaýyna we Nablusda ýerleşýän Rafidia sebitine hem hüjüm etdiler.

Al-Haliliň günortasyndaky "Deir Samet", Qalkilýanyň günortasyndaky "Habla" sebitleri we "Ariha" şäheri hem sionist güýçleriň hüjümlerine we bu sebitleriň ýaşaýjylarynyň esassyz tussag edilmegine şaýat boldy.

Sionist goşun, Palestinanyň dürli sebitlerini bombalamakdan başga-da, sişenbe güni irden Liwanyň günortasyndaky Kafr Şobanyň töweregini nyşana aldy.