Jun 18, 2024 22:02 Asia/Ashgabat
  • Ysraýyl Režimiň goşuny Nusaýrat bosgun düşelgesine hüjüm gurady

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza zolagyna howadan, gury ýerden we deňizden guran hüjümlerinde aglabasy zenanlardan we çagalardan ybarat bolan 37 müň 347 palestinaly şehit boldy, 85 müň 372 palestinaly bolsa ýaralandy

Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagynyň merkezindäki Nusaýrat bosgun düşelgesine 18-njy iýunda irden guran howa hüjüminde 7 adam pida boldy. 

Şaýatlar Ysraýylyň Nusaýrat bosgun düşelgesine guran howa hüjüminde 7 palestinalynyň şehit bolandygy, ýaralanan adamlaryň bardygyny habar berdiler. 

Ysraýylyň harby uçarlary Gaza zolagynyň ortasyndaky Deýr al-Belah şäheriniň howa giňişliginde hem uçuş amala aşyrdylar.

Ysraýylyň artilleriýa birikmeleri Gaza zolagynyň günortasyndaky Rafah şäheriniň günbataryndaky etraplaryna hüjümler guradylar.

Şeýle-de Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 255 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza guraýan hüjümlerinde 2 gyrgynçylyk edendigi, hüjümlerde ýene-de 10 palestinalynyň pida bolandygy, 72 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde şehitbolanlaryň sany 37 müň 347 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 85 müň 372 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýanatda mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda pida bolan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi. 

 Şeýle-de Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 256 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza garşy 3 aýry hüjüm gurandygy, hüjümlerde ýene-de 25 palestinalynyň pida bolandygy, 80 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde şehit bolanlaryň sany 37 müň 372 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 85 müň 452 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýannamada mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda pida bolan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi. 

Gazadaky hökümediniň Metbugat ofisi hem Gaza zolagyndaky açlyk howpy bilen bagly beýannama berdi. 

Beýannamada Gaza ynsanperwer kömekleriň ýetirilmezligi sebäpli 3 müň 500 çaga ýeterlik derejede iýmitlenmezlikleri sebäpli ölüm howpunyň abanýandygy mälim edildi. 

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza zolagyna howadan, gury ýerden we deňizden guran hüjümlerinde aglabasy zenanlardan we çagalardan ybarat bolan 37 müň 347 palestinaly şehit boldy, 85 müň 372 palestinaly bolsa ýaralandy.

 

 

Tags