Jun 22, 2024 15:42 Asia/Ashgabat
  •    Ysraýylyň goşunynyň guran soňky hüjümlerinde ýene-de ençeme palestinaly şehit boldy

Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagynyň tapawutly ýerlerinde öýlere guran howa hüjümlerinde aralarynda çagalar hem bolan ýene-de ençeme palestinaly şehit boldy

Palestinanyň resmi habarlar agentligi WAFA tarapyndan berilýän habara görä, Ysraýylyň harby uçarlary, Gaza zolagynyň merkezindäki Nusaýrat bosgun düşelgesinde öýleriň birine howa hüjümini gurady. Hüjümde 2 palestinaly şehit boldy, 12 palestinaly ýaralandy. 

Ysraýylyň goşunynyň Bureýj we Megazi bosgun düşelgelerine artilleriýa ulgamlary bilen guran hüjümlerinde hem köp sanda palestinaly ýaralandy. 

Ysraýylyň harby uçarlarynyň Gaza şäheriniň günorta-gündogaryndaky Az-Zeýtun etrapçasyna guran hüjümlerinde azyndan 8 palestinaly şehit boldy. 

Saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri Gaza zolagynyň merkezindäki Nuseýrat bosgun düşelgesinde 2 gün ozal Ysraýylyň harby uçarlary tarapyndan bombalanan öýleriň harabalyklarynyň aşagyndan ar-Rai maşgalasyndan 3 çaganyň we olaryň ejeleriniň jesedini çykardylar. 

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrligi düýn beren beýanatynda, Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza zolagyna guran hüjümlerinde azyndan 15 müň 517-si çaga, 10 müň 279-y zenan, 37 müň 431 palestinalynyň pida bolandigini, 85 müň 653 palestinalynyň bolsa ýaralanandygyny habar beripdi. 

Hüjümleriň netijesinde ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň aşagynda häzirki wagtda hem müňlerçe adamyň jesediniň bardygy, halkyň sygynýan hassahanalaryň we bilim ojaklarynyň nyşana alynyp, raýat infrastrukturasynada zeper ýetirilýändigi mälim edildi. 

Şeýle-de BMG-nyň basyp alyşlyk astyndaky Palestina topraklarynda edilen jenaýatlary derňeýän Garaşsyz Halkara Derňew Komissiýasynyň başlygy Nawi Pilleý, BMG Adam Hukuklary Geňeşiniň 56-njy sessiýasynda çykyş etdi. 

"Ysraýyl Gazada on müňlerçe çagany öldürdi ýa-da maýyp etdi" diýip aýdan Nawi Pilleý, müňlerçe çaganyň hem ýumrulan binalaryň aşagynda bolup biljekdigini habar berdi. 

Nawi Pilleý Ysraýylyň hüjümleriniň hassahanalar, mekdepler we adaty hyzmatlar bilen birlikde çagalaryň hal-ýagdaýy üçin zerur bolan infrastruktura hem uly täsir ýetirendigini beýan etdi. 

Nawi Pilleý Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gazadaky harby hüjümleri bilen baglanşykly Ysraýylyň resmileriniň harby jenaýatlardan, adamzada garşy jenaýatlardan, halkara ynsanperwerlik we adam hukuklary kanunlarynyň düzgünleriniň bozulmagyndan we asuda ilata we raýat obýektlerine bilkastlaýyn hüjümler guramakdan jogapkärdigi barada netijä gelinendigini aýtdy.

Nawi Pilleý Ysraýylyň resmileriniň bilkasatlaýyn öldürmek, açlygy uruş usuly hökmünde ulanmak, zor bilen göçürmek, palestinaly erkekleri we erkek çagalary nyşana alan zulum, gynamak we adamkärçiliksiz çemeleşmek ýaly hereketlerden jogapkärdigini aýan etdi. 

Emma Ermenistanyň resmi habarlar agentligi Armenpress tarapyndan Daşary işler ministrlige esaslanyp beren beýanatynda, Palestina döwletiniň Ermenistan tarapyndan resmi taýdan ykrar edilendigi mälim edildi. 

Beýanatda: "Ermenistan halkara hukuk, halkaryň deňligi, özygtyýarlylyk we parahatçylyk içinde agzybir bolup ýaşamak ýörelgelerine ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar we Palestina döwletini ykrar edýär" diýip habar berildi. 

 

 

 

Tags