Jul 02, 2024 12:29 Asia/Ashgabat
  • Ýemen goşunynyň Amerikan we Iňlis gämilerine eden hüjümi

Ýemeniň ýaragly güýçleriniň metbugat sekretary dört sany Amerikan, Iňlis we Ysraýyl gämisine hüjüm edilendigini habar berdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Ýemeniň ýaragly güýçleriniň metbugat sekretary yaahýa Sari Ýemeniň ýaragly güýçleriniň “MSC Unific” konteýner gämisini we nebit tankerleri “Delonix” we “Lucky Silver” we "Anvil Point" gämilerini nyşana alandygyny habar berdi.

Yaahýa Sari şeýle-de Ýemeniň ýaragly güýçleriniň basyp alnan ýerlere gidýän gämilere hüjüm etmek üçin kruiz raketalaryny ulanandygyny aýtmak bilen “Delonix” gämisine soňky hepdede ikinji gezek hüjüm edildi diýip yglan etdi.

Ýemen goşuny, Palestina halkynyň Gaza zolagyndaky garşylygyny goldamak üçin, soňky aýlarda Gyzyl deňzinde we Bab al-Mandab bogazyna Ysraýylyň birnäçe gämisini ýa-da basyp alan ýerlerine gidýän gämileri nyşana alandygyny aýtmak bilen Ýemeniň ýaragly güýçleriniň Ysraýyl gämilerine ýa-da basyp alnan ýerlere gidýän gämilerine garşy alyp barýan işleriniň diňe Gaza zolagynda palestina halkyna garşy agressiýasy we gabawy bes edilen halatynda bes ediljekdigi yglan etdi.

Tags